Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly pälwan Seýdi Batyrow Aşgabat Aziadasyndaky altynjy altyn medalyny gazanmaga ýakyn

15:3223.09.2017
0
8151

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda iň kän medal gazanan türgenleriň sanawynyň başyny çekýän türkmenistanly pälwan, Watan esgeri Seýdi Batyrow şu gün bu ýaryşdaky 6-njy altyn medalyny gazanmaga ýakyn. Munuň özi Aziadanyň şu görnüşiniň taryhynda hem rekord görkezijidir. 16-njy sentýbarda başlan ýaryşlarda Seýdiniň häzirki güne çenli jemi 5 medaly bolup, olaryň ählisem altyn medaldyr. S.Batyrow bu medallaryň ikisini türkmen milli göreşi, birini bolsa guşakly göreş boýunça gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 24 ýaşly uçurymy şu gün ýene-de final tutluşygyna hukuk gazandy. Öýlän sagat 18-de başlanjak finallarda türkmen pälwanynyň altyn medal ugrundaky garşydaşy özbegistanly Islomjon Kuldaşew bolar. Ýeri gelende aýtsak, Seýdi Batyrow Aşgabat Aziadasynyň ýaryşlaryna 100 kilograma çenli agram derejesindäki pälwanlaryň hatarynda gatnaşýar.

Häzirki maglumatalara görä “Aşgabat 2017-de” iň kän medal alan 10 türgen:

1. Seýdi Batyrow (Türkmenistan), 5 altyn (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

2. Nasiba Surkiýewa (Türkmenistan), 5 altyn (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

3. Gülnar Haýytaýewa (Türkmenistan), 4 altyn, 1 kümüş (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

4. Laçyn Badaglyýewa (Türkmenistan), 4 altyn, 1 bürünç (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

5. Zuhra Madraýimowa (Türkmenistan), 4 altyn (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

6. Wai Sze Li (Gonkong), 3 altyn (welotrek)

7. Munkhtsetseg Otgon (Mongoliýa), 3 altyn (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

8. Zarina Abdyrahmanowa (Türkmenistan), 2 altyn, 1kümüş, 2 bürünç (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

9. Kunsatri Kumsroi (Taýland), 2 altyn, 1 kümüş (jiu-jitsu)

10. Obidali Mawlonow (Özbegistan), 2 altyn, 2 bürünç (türkmen milli göreşi, guşakly göreş)

 

 

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň