Rekorda giren toplumda bir günde 7 rekord

15:0323.09.2017
0
1411

Düýn Olimpiýa şäherçesindäki Olimpiýa suw toplumynda gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara badalga berildi. Aýratynlyklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren binada geçirilýän ýaryşyň ilkinji güni hem rekordlara baý boldy. Has takygy, ýaryşyň ilkinji gününde oýunlaryň 7 rekordy täzelendi.

Günüň ilkinji rekordy hytaýly türgen Ližou Wanga degişlidir. Türkmenistandan Berdiguly Saparowyň hem wekilçilik eden 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça ýaryşda hytaýly türgen bellenen aralygy 58,24 sekuntda geçip,  rekordy täzeledi. Mundan ozalky rekord 2009-njy ýylda Wýetnamda geçirilen Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynda goýlupdy. Şol gezek gazagystanly suwda ýüzüji Wladislaw Polýakow bu aralyk üçin 58,28 sekunt wagt sarp edipdi. Ýöne L.Wangyň günüň ahyrynda bu rekordy hem täzeländigi baradaky maglumat has-da gyzyklydyr. Medallar ugrundaky jemleýji ýüzüşde ol bu gezek 57,02 sekuntlyk netije görkezip, bir günüň dowamynda oýunlaryň rekordyny ikinji gezek täzeledi. Şeýlelikde, ol bu görkeziji bilen hem şu oýunlaryň, hem Okeaniýanyň (57,14) rekordyny yza galdyryp, Aziýa rekordyna (56,34) has golaýlady.

Günüň ikinji rekordyny taýlandly zenan suwda ýüzüji Jenjira Srisa-Ard goýdy. 50 metr aralyga fristaýl usulynda ýüzüşde ol ozal ildeşi Junkrajang Nathanana degişli bolan, 2009-njy ýyldaky Wýetnam Aziadasynda goýlan 25,13 sekuntlyk rekordy täzeläp, oýunlaryň täze rekordyny 24,71 sekunda getirdi. Bu ýaryşyň has gyzykly başga bir tarapy taýlandly bäsdeşinden bary-ýogy 0,28 sekuntlyk yza galyp, kümüş medala mynasyp bolan hytaýly Lihui Lao hem 2009-njy ýyldaky rekorddan gowy netije görkezdi. Ol bellenen aralygy 24,99 sekuntda geçdi.

Zenanlaryň arasynda 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde ýeňiş gazanan we altyn medala mynasyp bolan wýetnamly Nguýen Ti An Wien ozal özüne degişli bolan rekordy täzeläp, günüň üçünji bir rekordçysy boldy. Edil şu ýaryşda Inçhon – 2013-de 2 minut 10,05 sekuntlyk netije bilen oýunlaryň rekordyny goýan türgen bu gezek netijesini has gowulandyryp,  rekordy 2 minut 09,78 sekunda çenli getirdi.

200 metr aralyga brassda erkekleriň arasyndaky ýaryşda hem oýunlaryň rekordy täzelendi. Täze rekord hytaýly Haiang Kuine degişli. Ol Inçhon Aziadasynda ildeşi Mao Feilianyň goýan rekordyny (1 minut 56,61 sekunt) täzeläp, bu aralygy 1 minut 55,20 sekuntda geçdi.

Zenanlaryň arasyndaky estafetalaýyn ýüzmek ýaryşyndaky täze rekord Gonkongyň ýygyndysyna degişli. Öňki rekord mundan dört ýyl ozal Koreýada geçirilen oýunlarda ýer eýeleriniň özlerine degişlidi. Koreýanyň zenanlar ýygyndysy 400 metrlik aralygy 1 minut 50,17 sekuntda ýüzüp geçip, oýunlaryň rekordyny öz atlaryna ýazdyrypdylar. Bu gezek bolsa Gonkongyň ýygyndysy bu aralygy geçmek üçin 1 minut 48,79 sekunt wagt sarp etdiler.

Koreýaly türgenler Aşgabat Aziadasynda başga bir rekord goýdular. Erkekleriň arasyndaky estafetanyň ýeňijisi bolan Koreýa Respublikasynyň wekilleri 400 metr aralygy 1 minut 35,28 sekuntda ýüzüp geçdiler. Oýunlaryň ozalky rekordy hytaýly türgenlere degişlidi. Olar 2013-nji ýyldaky Inçhon Aziadasynda bu aralyga 1 minut 36 sekunt wagty sarp edipdiler.

Geliň, garaşalyň, ynam edeliň, ýaryşyň ilkinji gününden bäri sanawyň başyny çekýän türkmen türgenleri hem janköýerlerini täze rekordlar bilen begendirsin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň