Soňky habarlar

Arhiw

Öwrenmekden ýadamaýan çempion

21:4722.09.2017
0
1100

Aşgabat Aziadasynyň çäginde geçirilen kuraş ýaryşynda ähli tutluşyklarda garşydaşyndan üstün çykyp, altyn medala eýe bolmagy başaran özbegistanly  pälwan Khisomiddinov Mukhsin bilen söhbetdeşlik.

 – Mukhsin, söhbetimizi sportuň kuraş görnüşine nähili gelendigiňiz baradaky sorag bilen başlasymyz gelýär.

 – Näme üçindir köp habarçylar ilki şu sorag bilen ýüzlenýärler, megerem, bu sizde adatdyr?! Näme diýsemkäm?! Meselem, türkmenlerde milli göreşiň gadymdan bäri has meşhur bolşy ýaly, özbeklerde-de kuraş sportumyzyň esasy görnüşi. Toýlarymyzy, baýramçylykdyr dabaralarymyzy kuraş göreşi bezeýär. Gözümi açyp, gören zadym – kuraş, biliber onsoň...

 – Düşnükli. Onda bu ugurda, eýýäm ýeterlik tejribe toplan bolsaňyz gerek?  

 –  Meniň pikirimçe, häzirki ýaşym, ýaryşlarym babatda tejribe toplan bolmagym ahmal. Ýöne kämilligiň entek menden daşdagyny aýdyp bilerin. Sport, üstünlik bolsa, diňe tejribe bilen çäklenenok.

 – Diýmek, ömür örküňizi kuraşa baglamakçy-da? Näme üçin diňe kuraş, göreşiň gaýry görnüşlerinde güýjüňizi synap görmekçi dälmi? Meselem, aýdymçylar babatda alsak, olar halk aýdymynam, estrada aýdymlarynam, gerek bolsa, sahnada hem keşp janlandyrýarlar. Eýsem, köpugurlylyk kämillige ýol açmazmy?

 – Siziň aýdýanyňyz bilen doly ylalaşýaryn. Ýöne özüme şu ugur has ýakyn. Galanyny hem geljekde göz öňünde tutaryn.

 – 3-nji tutluşykdaky eýranly garşydaşyňyzdan üýtgeşik tilsim duýduňyzmy? Çünki Rostami Kamran hem hemmelere özüni aldyrmaýan pälwan hökmünde tanalýar.

 – Elbet-de, ähli garşydaşymdan bir tilsim öwrenip galmak, eýýäm bu meniň kiçilikden bäri endigim. Ýöne meniň garşyma kimiň çykany esasy zat däl. Özüňe bolan ynam bilen ähli zady ýeňip bolýar.

 – Tüweleme, bu siziň merdemligiňizden nyşan. Geljekde-de, öňüňizde goýan maksadyňyzyň myrat tapmagyny arzuw edýäris!

–  Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň