Aly Allaberdiýew: Finala çykmak isleýäridim

17:1422.09.2017
0
2202

Şu gün Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Aly Allaberdiýew alyş görnüşi boýunça 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Tutluşykdan soňra metbugata beren interwýusynda Aly şeýle diýdi: 
«Men finala çykmak isleýärdim. Meniň üçin bu ýagdaý örän gynandyryjy. Ýöne iň bolmanda döwletimiziň adyndan ýene bir medala eýe bolmak maňa miýesser etdi». Ýaryşyň 1/8 finalynda hindistanly pälwan Wenuzo Dawhodan üstün çykan A.Allaberdiýew çärýek finalda pakistanly Kamar Abbasy hem ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym final tutluşygynda bolsa ol ildeşimiz Garmämmet Şamämmedowdan asgyn geldi. 

 

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň