Soňky habarlar

Arhiw

Bosgunlaryň metbugat maslahaty geçirildi

17:5921.09.2017
0
1218

Şu gün Halkara ýaýlyma beriş merkezinde Aşgabat Aziadasyna gatnaşýan bosgunlar topary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdylar. Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Sport we parahatçylyk boýunça ilçisi Tegla Lorop, bu guramanyň Bosgunlar baradky edarasynyň wekilleri hem-de türgenler gatnaşdy.

Metbugat duşuşygynyň başynda Keniýadan gelen bosgunlar toparynyň Aşgabatdaky Aziýa oýunlarynyň ýeňil atletika ýaryşlaryna gören taýýarlygy barada wideogörnüşleri görkezildi. Birnäçe minutlyk şekiller tamamlanansoň, söz dünýä belli ýeňil atletikaçy, köp sanly rekordlaryň eýesi Tegla Loropa geçirildi.

- Türkmenistandaky çäksiz uly myhmansöýerlik üçin türkmen halkyna, hyzmatyň ýokary derejesi üçin guramaçylara, meýletinçilere hoşallyk bildirýärin ­– diýip, hanym Lorop çykyşyna başlady. – Men – Keniýadan. Biziň ýurdumyzda köp sanly bosgun bar. Olar dürli sebäplere görä, öz ýurduna gaýdyp baryp bilenok. Şonuň üçin hem olaryň her birini goramak we goldamak biziň ählimiziň borjumyz bolup durýar. Bosgun bolmagy hiç kimiň özi saýlap almaýar, ol adamyň ykbaly bilen bagly zat. Bosgunlaryň ýat ýurtdaky kynçylyklary barada aýratyn gürrüň edip oturmanymyzda hem, ol her kim üçin düşnükli. Aşgabatdaky Aziýa oýunlary ýaly iri sport baýramçylyklaryna gatnaşmak olar üçin hemişe gabat gelip durmaýan ajaýyp pursat. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bize ýollan çakylygy bilen ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdi. Ynanyň, Türkmenistan bosgun türgenlere şu ýollan çakylygy bilen olaryň gözüni açdy, ýaşaýyşa höwesini artdyrdy. Munuň üçin men türkmen halkyna iň gowy zatlary arzuw edýärin.

          BMG-niň Bosgunlar baradaky edarasynyň wekili Nino Kajaia Tegla Lorupyň sözlerini dowam edip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine onuň bosgunlary goldamakda bütin dünýä görkezýän ajaýyp göreldesine eýe çykdy we metbugatyň üsti bilen indiki iri ýaryşlaryň guramaçylaryny bosgunlaryň ýaryşlara gatnaşmagyny gazanmaga çagyrdy.

Aşgabat Aziadasynda bosgunlar toparyndan 5 türgen çykyş etdi. Olaryň ählisi hem ýeňil atletika ýaryşlaryna wekilçilik etdiler.

 

Aşgabat Aziadasyna gatnaşan bosgunlar topary bilen geçirilen metbugat duşuşygynda berlen käbir sowallar we olaryň jogaby:

 

          - Mundan soň bosgunlaryň toparyny iri halkara ýaryşlaryň aglabasynda görüp bilerismi?

          - Elbetde, biz muny hemmeden beter isleýäris. Munuň üçin Halkara Olimpiýa komitetiniň bize berjek goldawyna garaşýarys. Maňa, köplenç, “Sen näme üçin ýaryşlara az adam bilen gidýärsiň?” diýip sowal berýärler. Eger mümkinçiligimi bolan bolsady, biz halkara ýaryşlara onlarça adamlyk wekiliýet bilen barardyk.

          - Siz bosgun bolup, Sudandan Keniýa gelipsiňiz, yzyňyza – Watana dolanmagy meýilleşdirýärsiňizmi?

          - Watan ýaly eziz ýer barmy? Ýöne bosgunlygyň her dürli sebäbi bar. Dogry, bize Keniýada türgenleşmek, halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ähli şertler döredilýär, ýöne dörän ilkinji mümkinçilikde Watanymyza dolanyp barmak biziň iň esasy arzuwymyz.

          ­- Aşgabat Aziadasyndaky çykyşlaryňyzy tamamladyňyz. Özüňizde galan täsirleri paýlaşaýsaňyz.

          - Siz öz ýurduňyza buýsanmaly. Haýsydyr bir döwlete baranyňda kalbyňda döreýän ilkinji duýgular soňam aldamaýar. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde biziň belent myhmansöýerlik bilen garşyladylar. Aşgabada gelen ilkinji sekuntlarda dörän ýakymly duýgularymyz biziň henizem hemramyz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň