Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ýaýlyma beriş merkezinde Aşgabat Aziadasynyň guramaçylary bilen metbugat maslahaty geçirildi

15:2821.09.2017
0
2410

Şu gün Olimpiýa şäheriniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde metbugat maslahaty geçdi. Maslahatda Türkmenistanyň Mlli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Myradow, Ýerine Ýetiriji komitetiniň baş dolandyryjysy James Bulley, Okeaniýanyň Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ricardo Blas dagylar çykyş etdiler.

Azat Myradow:

 – Häzirki wagtda “Aşgabat 2017-niň” dowam edýän döwründe 100-den gowrak žurnalist sport habarlaryny gyzgyny bilen ýaýratmak boýunça zähmet çekýär we dünýäniň 52 ýurdunda ýaýlyma berilýär. Oýunlaryň başlan gününden bäri žurnalistleriň amala aşyrýan işleriniň netijeliliginden hoşaldyryn. Habarçylarymyz Aziada oýunlaryň ahyryna çenli işlerini togtatman, edil häzirki ýaly işewürliklerini dowam eder diýip umyt edýärin.

    Olimpiýa şäherçesi barada bir zat belläp geçmek isleýärin. Şu güne çenli “Aziada oýunlaryndan soň, bu desgalar haýsy pudaga hyzmat eder?” diýen soraga köp gabat geldik. Bilşimiz ýaly, şäherçäniň daş-töwereginde birnäçe uniwersitetlerimiz bar. Geljekde-de bu köpugurly desgalar talyplara, ýerli we islegleri boýunça daşary  ýurtly türgenlerimize hyzmat eder.

James Bulley:

 – Hormatly adamlar, ilki bilen iki sany esasy zady aýdasym gelýär. Olaryň birinjisi – “Aşgabat 2017” dowam edýän döwründe howa şertiniň gowy bolmagy, ikinjisi hem türkmen halkynyň myhmansöýerligi, ýeten derejesi, gazanan üstünlikeridir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede gurnamak aňsat iş däldi. Ýöne muny türkmen halky şeýle ýokary derejede gurnamagy başardy.

    Türkmenistanda köp wagtdan bäri daşary ýurtlarymyzdan gelen wekiller hem ýaşaýarlar. Ýerli halkyň dost-doganlykly ysnyşyklarynyň netijesinde biz hem bu ýurduň bir bölejigine öwrüldik.

Ricardo Blas:

 – Men Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Myradowa bütin okeaniýa ýurtlarynyň adyndan minnetdarlyk bildirýärin. Çünki ol iki ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylyklaryny bize ýollap durdy. Öňler biz diňe 17 ýurt bilen halkara ýaryşlara gatnaşyp bilýärdik. Häzirki wagtda birnäçe ownuk adalardan ybarat bolan Okeaniýanyň hem “Aşgabat 2017-ä” gatnaşmaga rugsat berlendigine biz örän şatdyrys.

Metbugat maslahatynda berlen käbir sowallar we olaryň jogaby:

- Bu oýunlar tamamlanansoň, Aşgabatda meýilleşdirilýän başga bir iri halkara ýaryş barmy?

- Biziň häzirki maksadymyz, oýunlar tamamlanansoň olary nähili geçirendigimizi öz aramyzda seljermek, bahalandyrmak. Ondan soňra geljekde iri ýaryşlary kabul etmek boýunça işlere badalga bereris. Elbetde, beýle gowy toplumda halkara ýaryşlaryň yzy üzülmese ýagşy.

­- Jenap Blas, Okeaniýanyň türgenlerine Aziýa ýurtlary bilen bäsleşmek nähili duýgy?

- Bir söz bilen aýtsam, dünýä derejesinde kämilleşmäge ajaýyp mümkinçilik. Üns berseňiz, sportuň şu oýunlaryň maksatnamasyna girizilen görnüşleriniň aglabasy boýunça dünýä çempionatlary Aziýadan çykdy.

- Olimpiýa şäherçesiniň desgalary geljekde dünýä ýurtlaryndan gelen toparlar üçin türgenleşik desgalary hökmünde ulanylyp bilermi?

- Näme üçin bolmasyn?! Aziýada eýýäm Ýaponiýada, Katarda, Hytaýda we Gazagystanda ozal iri ýaryşlar geçirilen desgalary türgenleşik üçin ulanmaga bermek tejribede synaldy we üstünlikli dowam edýär.

- Geljekde şu şäherçede uly Aziýa oýunlaryny geçirmegi göz öňünde tutýarsyňyzmy?

- Bolup biler, ýöne haçandygy entek takyk däl. Bu toplumdaky desgalar bolsa şeýle ýaryşlary ertir geçirmäge-de taýýar.

­- Türkmenistan uly Aziadalary geçirmek babatynda haýsy ugurda kämilleşmeli?

- Şu desgalary köpräk ulanmaly.

- Näme üçin käbir döwletler oýunlara diňe bir adam bilen gatnaşdy? Bu oýunlaryň talabyna laýyk gelýärmi?

­- Haýsy ýaryşa näçe adamy gatnaşdyrjakdygyny Milli Olimpiýa komitetleriniň özi kesgitleýär.

­- Türkmen türgenleri eýýäm köp sanly medallary gazandylar. Ýaryşdan soň hökümetiňiz olary goşmaça sylaglamagy göz öňünde tutýarmy?

- Hormatly Preizdentimiz iri ýaryşalarda medal gazanan türgenlerimizi sylaglamagyň beýik göreldesini birnäçe ýola görkezdi. Aşgabatda geçirilýän oýunlaryň netijeleri boýunça türgenleri höweslendirmek dabarasynyň geçirilmegine-de garaşylýar. Sowgatlar bolsa, goý, hemmämiz üçin hem garaşylmadyk sowgat bolsun.

- Iri ýaryşlary dünýä ýaýmakda sosial medianyň hyzmaty?

- Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň geçirýän ýaryşlarynda sport maksady bilen gelen her bir internet saýtyna gapylarymyz giňden açyk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň