Soňky habarlar

Arhiw

Dmitri Siniýak: Sport halklary dostlaşdyrýar

09:1321.09.2017
0
1356

“Aşgabat 2017” oýunlary diňe bir Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň däl, eýsem dünýäniň ähli döwletleriniň halklaryny bir supranyň başyna jemledi. Sport baýramçylygyna gatnaşmaga Ýewropa, Amerika we Afrika ýurtlaryndan hem köp sanly myhman geldi. Ýurdumyz bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýan Belarusyň metbugat wekilleri hem bu iri çäräniň şaýady bolmak üçin türkmen paýtagtyna gelipdirler. Ýurduň ilkinji sport neşirleriniň biri bolan “Sportpanoramanyň” žurnalisti Dmitri Siniýak bilen söhbetdeş bolduk.

- Hoş gördük. Ilki özüňiz bilen tanyş edäýseňiz!

Men dostlukly Belarus döwletinden geldim. Birnäçe ýyldan bäri ýurduň iň irki sport neşirinde işleýärin.

- Türkmenistana gelmänkäňiz ýurdumyz barada nämeler bilýärdiňiz?

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar köp ýyllardan bäri dowam edýär. Elbetde, bu ýurt barada köp zat eşidipdim, okapdym. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitlerinden teleýaýlym, internet we beýleki neşirler arkaly habarlydym.  Emma eşiden deň bolmaz, gören göz bilen diýlişi ýaly, bu gün oňa özüm hem şaýat boldum. Ýurduň ähli babatda ýeten derejesini bu ajaýyp şäheri synlanyňda has oňat göz ýetirmek bolýar.

- Aşgabatda ilki ünsüňe çeken zat näme boldy?

Howa menziline aýak basan mahalyň ajaýyp şähere gelendigiňi aňmak bolýar. Myhmansöýer türkmen halkynyň birek-birek bilen mähirli gatnaşygy, güýzüň arassa howasy, döwrebap hem-de hemmetaraplaýyn sazlaşykly gurlan binalar göreni haýrana goýýar. Ak mermere beslenen şäherdäki beýik binalara sungat eserleri has hem gözellik çaýypdyr. Binagärligiň sungat bilen utgaşygy dünýäde gaty seýrek duş gelýär.

- Restorandyr garbanyşhanalara-da baryp görensiňiz?!

Türkmen halkynyň baý mirasy, medeniýeti türkmen aşhanasynda  hem aýdyň duýulýar. Myhmanlaryň güler ýüz bilen garşy alynmagy, ähli hyzmatlaryň ýokary derejede hödürlenmegi bizde uly täsir galdyrdy. Eli süýji aşpezleriň taýýarlan türkmen tagamlary örän lezzetli.

- Ýaryşlaryň guralyşy barada aýdaýsaňyz?!

Ilki bilen, Olimpiýa şäherçesiniň desgalar örän ajaýyp. Ähli amatlyklary özünde jemleýär. Bu ýerde isle türgen bolsa, isle metbugat işgäri, isle-de tomaşaçy, tapawudy ýok, ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Birjigem kem tarapy ýok. Žurnalist hökmünde işlemäge, türgen hökmünde ýaryşa taýýarlanmaga, janköýer hökmünde ýaryşa tomaşa etmäge we medeniýetli dynç almaga hemme şertler bar. Bularyň ählisiniň bir ýerde jemlenmegi bolsa, has hem gowy.

- Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň!

Sizem sagboluň, ýaryşlarda türkmen türgenlerine üstünlik arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň