Soňky habarlar

Arhiw

Keoheý Nakamura: «Futzalçylaryň güýjüni aýamak gerek, yzygider dört oýun oýanarys»

15:5720.09.2017
0
3095

19-njy sentýabrda Türkmenstanyň futzal boýunça erkekler ýygyndysy toparçadaky ikinji duşuşygyny geçirdi. Ozalky iki duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp, «A» toparçanyň öňdebaryjylygyna çykan Salomon adalarynyň ýygyndysy ildeşlerimiziň nobatdaky garşydaşy boldy. Duşuşy, elbetde, kyn geçdi, ýöne, her niçik hem bolsa ildeşlerimiz ony öz peýdasyna tamamlamagy başardy. Şeýlelikde, oýun 4:2 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ildeşlerimiziň gollaryny 8-nji mnutda Röwşen Orazmuhammedow, 11-nji minutda Serdar Rejebow, 36-njy minutda Maksat Soltanow geçirdi. 36-njy minutda Alwin Hounyň öz derwezesine geçiren goly milli ýygyndyzymyzyň ýeňşine goşant boldy.

Duşuşykdan soň futzal boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Keoheý Nakamura şeýle gürrüň berdi:

— Görşüňiz ýaly, bu gün biraz kyn duşuşyk boldy. Bizi güýçli toparlar bilen oýnamak däl, dört gün yzly-yzyna oýun geçirmetmek biraz ýadadýar. Solomon, öň hem aýdyşym ýaly, dünýäniň gizlin ýatan milli ýygyndylarynyň biri. Olar ýaryşda iki ýeňşi ýönelige gazanmadylar. Oýnuň ortasynda biraz depgini gowşatdyk, sebäbi 2:0 öňdedik. Bu hasap bizi kanagatlandyrýardy. Çünki biz ertirem oýun geçirmeli. Mümkin boldugyndan, futzalçylaryň güýjüni aýamagyň aladasyny edýäris.

Indiki bäsdeşimiz Taýwanam güýçli ýygyndy. Biz taýwanly futzalçylaryň beýleki topardaşlarymyz bilen geçiren duşuşyklaryna gelip gördük. Taýwan bilen nähili usulda oýnamalydygy barada bizde käbir pikirler bar. Indiki oýunda şol pikirlerimizi durmuşa geçirmäge çalşarys.

Her ýeňiş bizi çärýek finala ýakynlaşdyrýar. Şonuň üçin assa-ýuwaş beýleki milli ýygyndylaryň oýun täri bilen hem gyzyklanýarys, duşuşyklaryň wideolaryna tomaşa edýäris. Elbetde, maksadymyz bolsa Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň taryhda ilkinji gezek bir ýaryşda medal gazanmagyna sebäp bolmak.

Bu ýeňişden soň, Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçada birinji orna geçdi. Üçünji duşuşyklarda milli ýygyndymyz Taýwany, Solomon adalary Owganystany ýeňip bilse, türkmen futzalçylary çärýek finalda diýip bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň