Soňky habarlar

Arhiw

Jiu-jitsuwy ilkinji gezek teleýaýlymda gören ÇEMPION

22:0819.09.2017
0
7875

    “Aşgabat 2017-niň” çekeleşikli oýunlarynyň biri bolan jiu-jitsunyň üç tutluşygynda hem özüniň ezberligi bilen gaşydaşlaryndan üstün çykmagy başaryp, altyn medala eýe bolan, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň bagtyýar talyby Aýsoltan Garçowowa  bilen söhbetimizi dowam edýäris.

 – Baýragyňyz gutly bolsun, Aýsoltan! Aziýa oýunlary, megerem, siziň üçin has uly derejede bolup, köp taýýarlygy talap eden bolsa gerek?

 – Minnetdar! Elbet-de, beýleki halkara ýaryşlar bir ýana, “Aşgabat 2017” bir ýana. Çünki bu ýaryş öz ýurdumyzda geçýär, şol sebäpli-de, ýeňiş gazanmaklygy arzuw, ýa-da maksat däl-de, borç hasaplaýardym. Bu barada okuw-türgenleşik işinde hem elmydama tälimçimiz ýaňzydyp geçerdi.

 – Näçe agramda, haýsy ýurtlaryň türgenleri bilen tutluşyk tutduňyz?  

 – 70 kilogramda, 1-nji tutluşykda Pakistan, 2-njide Mongoliýa, 3-njide bolsa, öz ýurdumyzyň türgeni bilen tutluşykda boldum.

 – Tälimçiňiz kim we bu ugur bilen näçe wagtdan bäri meşgullanýarsyňyz?

 – Döwletmyrat Kasymowyň tagallasy bilen jyu-jitsunyň inçi tilsimlerini öwrenip başladyk. Üç ýyl, ýagny 17 ýaşymdan bäri bu ugurdan türgenleşýärin.

 – Sportuň görnüşleri kän ahyry, näme sebäpden jiu-jitsuny saýladyňyz?

 – Edil şu sorag bilen maňa ýakynlarym hem ýüzlenipdi. Çagalykdan şu ugry arzuw etdim diýsem, ýalňyş bolar. Ýöne teleýaýlymda jiu-jitsu ýaryşlaryny görüp, biraz imrinýärdim. Ýöne onda-da, geljekde şu ugurdan bäsleşiklere çykaryn diýen pikirim asla ýokdy. Soň jiu-jitsu ýazyldym we kem-kemden sportuň bu görnüşine has gyzygyp, türgenleşigi ýygy-ýygydan geçip başladym.

 – Ömür örküňizi sporta baglamagyňyzda ene-ataňyzyň pikiri nähili? Sport dünýäsine girişmek üçin başda ýeterlik derejede göreşen bolsaňyz gerek? Onda-da gyz maşgala bolsaňyz hasam...

 – Elbet-de, her bir zada hem kynçylyk bilen ýetilýär. Sport bilen meşgullanmagyma ejem kes-kelläm garşy bolardy. Soň-soňlar kakamyň, tälimçilerimiň goldaw bermegi bilen üstünlikleriň başlangyçlaryna gadam basdym. Indi-hä, her bir tutluşyga ejem öz ak patasy bilen ugradýar.

 – Aksoltan, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Hemişe size üstünlik ýar bolsun!

 – Minnetdar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň