Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ýaýlyma beriş merkezinde elketron sport boýunça metbugat maslahaty geçirildi

16:1419.09.2017
0
1065

Şu gün Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde Aziýanyň elektron sport konfederasiýasynyň prezidenti Kennet Foguň, «Ali sports» kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýong Liunyň, bu kompaniýanyň wekili Dažong Žangyň we «Duo sports» kompaniýasynyň wekili Weili Çeniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlaryna gatnaşýän daşary ýurtlaryň žurnalistleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň başynda 18-nji sentýabrda «Aşgabat» myhmanhanasynda bu konfederasiýanyň nobatdaky maslahatynyň geçirilendigi habar berildi. Maslahatyň dowamynda konfederasiýanyň ýolbaşçy düzüminde käbir üýtgeşmeler girizildi. Täze bellenilen wise-prezidentleriň  biri Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň wekili Azat Myradowdyr.

— Elektron sporty boýunça ýaryşlar Aziadanyň şu görnüşiniň tas ähli oýunlarynda diýen ýaly geçirildi. Ýer ýüzünde «elektron oýun» diýen düşünjäniň «elektron sport» düşünjesine öwrülmeginde goşýan uly goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine çäksiz hoşallyk bildirýäris — diýip, metbugat maslahatynda ilki bolup söz alan Aziýanyň Elektron sport konfederasiýasynyň prezidenti aýtdy. — Bir ýagdaýa üns bereliň, häzirki zaman dünýämizde sportuň haýsy görnüşi has ösen bolsa, şol görnüşiň elektron oýun şekilindäki mahabatynyň bu ösüşdäki paýy uludyr. Mysal üçin, dürli oýun enjamlarydyr kompýuterler üçin niýetlenilýän futbol oýunlary «millionlaryň söýgüli oýnunyň» Ýer ýüzündäki şöhratyny has-da artdyrdy. Dogry, elektron sporty Olimpiýa maksatnamasyna girizmek entek ir, ýöne bu irde-giçde bolmajak zat hem däl. Häzirki wagtda elektron sport täjirçilik ýollary bilen öz ösüşini gazanýar. Maksadymyz geljekde bu ýollary has artdyrmak, halkara we milli federasiýalaryň döredilmegini gazanyp, şolaryň kömegi bilen meşhurlygyny artdyrmak. Biz düýnki maslahatda elektron sporty 2022-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizmek barada ylalaşdyk. Munuň özi uly ädimdir — diýip, jenap prezident sözüni jemledi.

«Ali sport» kompaniýasynyň wise prezidenti öz çykyşynda, bu kompaniýanyň alyp barýan işleri barada maglumat bermek bilen, özleriniň, esasan, ýaşlary sportda goldamak bilen meşgullanýandyklaryny aýtdy. «Alibaba grubyň» bir şahamçasy bolan kompaniýa öňünde elektron sporty olimpiýa görnüşine ýakynlaşdyrmagy maksat edinip goýan guramalaryň biri. Şeýle hem jenap Liu Aşgabat Aziadasynyň çäklerinde geçiriljek elektron sport ýaryşynyň saýlama tapgyryna 23 MOK-dan 2 müňden gowrak türgeniň gatnaşandygyny habar berdi. Şolaryň saýlama tapgyrlardan geçen iň güýçli 95-si Aşgabatda geçiriljek ýaryşlarda çykyş eder. Olar 11 MOK-a wekilçilik edýär.

«Duo sport grup» kompaniýasynyň wekili Weili Çen bolsa özleri üçin Aşgabatda geçiriljek ýaryşa gatnaşmagyň belent mertebedigini belledi. Ol AOG-niň, AESK-nyň, «Ali sportuň» we öz kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynda guraýan bu ýaryşyny goldap, onuň geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman häzirki wagtda elektron sportuň örän güýçli tizlik bilen ösýändigini nygtap, ýene birnäçe ýyldan onuň dünýäniň iň iri halkara ýaryşlarynyň, gerek bolsa, Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuljakdygyna ynanýandygynya aýtdylar.

Myhmanlar žurnalistleriň özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna-da jogap berdiler. Aşgabat Aziadasynyň elektron sport boýunça ýaryşlary 27 — 27-nji sentýabrda Ýeňil atletika toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň