Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat 2017» gyrgyz mediasynda

15:1519.09.2017
0
2875

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dünýäniň ýüzlerçe döwletiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öz beýanyny tapýar. Düýn Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde gyrgyzystanly kärdeşlerimiz — žurnalistler bilen söhbetdeş bolduk. Olar gyrgyzystanly sport janköýerleriniň arasynda bu ýaryşa uly gyzyklanmanyň bardygyny, aslynda-ha, Gyrgyzystanyň hökümetiniň Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlaryna ýörite wekiliýeti ugratmak baradaky işlere uly üns berendigini gürrüň berdi.

Söhbetdeşimiz — gyrgyz žurnalistleriniň aragatnaşyk wekili, geçen ýyl Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň guramaçysy Nurdin Sultambaýew Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň sporty ösdürmek babatda alyp barýan işleriniň köp ugurlar babatda birmeňzeşdigine ünsi çekdi. Ýurtda sporty ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, ýakynda ýörite konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň barha giň gerime eýe bolmagy bolsa munuň aýdyň mysalydyr.

— Geçen ýyl türkmen türgenleri biziň Watanymyzda geçirilen iri halkara ýaryşda hormatly ikinji orna mynasyp boldy. Munuň özi ýurtda sporta berilýän ünsüň öz miwesini berýändiginden nyşandyr. Gyrgyz hökümeti Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlaryna ýokary derejede gyzyklanma bildirýär. Ýaryşa sportuň 17 görnüşi boýunça 150-den gowrak gyrgyz türgeni gatnaşýar. Munuň öz biziň ýurdumyzyň sport taryhyndaky iň köp wekilçiligi bolan ýaryşdyr.

Ýaryşlary gyrgyz sportsöýüjilerine ýetirmek üçin Aşgabada 10 žurnalist geldi. Olar biziň ýurdumyzyň dürli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik edýärler. Has takygy, Aşgabada gelen toparymyzyň arasynda «KTRK Sport» «ELTR» we iki sany sebit, bir sany hususy teleýaýlymlaryň hem-de «Agşamky Bişkek» habarlar agentliginiň wekilleri bar. Olar Aşgabatda bolup geçýän wakalary Gyrgyzystana gündelik ýetirip durýarlar.  Ýaňy hem aýdyşym ýaly, bu ýaryşa biziň 150-den gowrak türgenimiz gatnaşýar. Diýmek, watandaşlarymyza Aşgabatdan ýetirjek esasy hoş habarlarymyz entek öňde — diýip, Nurdin Sultambaýew gürrüňini jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň