Soňky habarlar

Arhiw

Rüsdem Baýramdurdyýew: Altyn medal gazanmak üçin elimden gelenini ederin

14:5719.09.2017
0
2527

Ildeşimiz Rüsdem Baýramdurdyýew taýboksda 57 kilogram agramlyk derejesinde adyny ýarymfinala ýazdyrdy.

Ýarymfinalda ýeňlen ýagdaýynda hem bürünç medaly gazanmaga mümkinçiligi bolan Rüsdem çärýekfinalda hytaý taýpeýli Hung Çia-Hony nokaut bilen ýeňdi.

Ildeşimiz finala barýan ýolda filippinli Filip Delarmino bilen duşuşar. Çärýekfinalyň yzysüresi Rusdem bilen begenjini paýlaşdyk. «Ilki bilen türkmen halkyny hormatly prezidentimizi şunuň ýaly abraýly ýaryşy ýokary derejede gurnandygy bilen tüýs ýüregimden gitlaýaryn. Gazanan ýeňşimi bütin türkmen halkyna bagyşlaýaryn. Aslynda men taýboksy bilen 2015-nji ýyldan bäri meşgullanyp gelýärin. Ondan öň sportuň boks görnüşi bilen meşgullandym. Boksuň inçe tilsimlerini boks ussady Ýazmuhammet Pazzyýewden aldym. Häzirki wagtda milli ýygyndymyzyň baş tälumçisi Orazmuhammet Bäşimowdan taýboksyň inçe tilsimlerini öwrenýärin. Bolmanda bürünç medala mynasyp boljakdygym meni birjikde aladalandyrmaýar. Men bu ýaryşa diňe ýeňiş üçin geldim. Şol sebäplide filippinli garşydaşymyň garşysyna ringe çykanymda diňe ýeňiş gazanmaga çalşaryn» diýýän Rüsdem Aziadanyň baş baýragyny gazanmagy özüniň esasy maksady edinýändigini aýdyp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň