Olga Rypakowa: Ýeňil atletika meniň durmuşym

09:0119.09.2017
0
1901

Paýtagtymyzda dowam edýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýän ýeňil atletikanyň uzynlygyna bökmek görnüşinde 2012-nji ýylda Londonda geçen Dünýä çempionatynda Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi Olga Rypakowa altyn medala mynasyp boldy.

33 ýaşly gazagystanly ýeňil atletikaça Aziýa oýunlarynda altyn medal gazanmak üçin 6.43 metre bökmeklik ýeterlik boldy. Gazanan ýeňşiniň yzysüresi geçiren söhbetdeşligimizde Olimpiýa çempiony ýürek buýsanjy bilen paýlaşdy.

“Ilki bilen-ä Aşgabat-2017 oýunlarynyň ýokary derejede gurnalandygyny aýratyn belläýin. Şunuň ýaly ýaryşy ýokary derejede gurnandygyňyz üçin Prezidentiňize, halkyňyza diňe berekella diýäýmek galýar. Ynanyň, men dünýäniň köp künjeginde boldum. Ýöne şunuň ýaly owadan şähere, olimpiýa şäherçesine seýrek gabat geldim. Bilýänsiňiz, ýakynda Londonda dünýä çempionaty geçirilipdi.

Şonda men üçünji orny eýeledim. Riodan soň üçünji orny eýelemegime azda-kände gynanmanam durmadym. Indi bolsa täze ýaryş, täze belentlik. Umuman, men Aşgabat-2017 oýunlaryndan soň şu möwsümdäki çykyşymy tamamlajak. Täze möwsüme bolsa Birmingem şäherinde geçiriljek gyşky dünýä çempionaty bilen başlamakçy bolýan.

Ýeňil atletika gelşim hakynda aýdanymda, onda men çagalykdan sportuň bu görnüşini saýladym. Saýlamaz ýaly hem däl, sebabi meniň kakam ýeňil atletikaçy. Meniň birinji tälimçim hem kakam. Ikinji tälimçim bolsa adamym. Şonuň üçin maňa ýeňil atletikadan daşlaşmak asla mümkin däl. Ýene-de bir gezek şunuň ýaly abraýly bäsleşigi gurnandygyňyz üçin köp-köp sag bolsun aýdýaryn. Aşgabada gelenime örän begenýärin” diýip, Olimpiýa çempiony Olga Rypakowa Aşgabat-2017 oýunlaryndan galan ýakymly täsirleri bilen paýlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň