Soňky habarlar

Arhiw

Keiwan Soleimani: Aşgabat Aziadasynda örän güýçli türgenler jemlenipdir

08:5919.09.2017
0
1084

Taýboksy boýunça geçirilýän ýaryşyň çäginde 75 kilogram agramlyk derejesinde Aziýa oýunlarynyň esasy dalaşgäri taýlandly Wançhalerm Aramçaini ýeňen eýranly taýboksçy Keiwan Soleimani duşuşygyň yzysüresi begenji bilen paýlaşdy.

«Güýçli garşydaşy ýeňenime begenjimiň çägi ýok. 75 kilogram agramlyk derejesinde hakykatdan hem örän güýçli taýboksçylar ýygnanypdyr. Bu agramda Ýusup Bäşimowdan hem-de Muhammetnur Meläýewden çekinmän duramok.

Muhammetnur bilen çärýekfinalyň duşuşygyny geçirmeli. Öz duşuşygyny özbegistanly Alijon Isroilowyň garşysyna örän ynamly geçirendigi onuň fizikadyr ussatlygynyň ýokary detejededigini görkezýär. Meniň özüm dört gezek Eýranyň çempiony bolmagy başardym. Soňky döwürlerde ussatlygymy taýboksyň watany bolan Taýlandda artdyrdym. Aşgabatda geçirilýän abraýly ýaryşda çykyş etmäge çakylyk alandygyma örän begenýän. Men bu oýunlarda çempion bolmak maksady bilen geldim.

Ýene-de bir gezek belläp geçeýin Aziýa oýunlarynda örän güýçli türgenler jemlenipdir. Maňa çeňpion bolmak ýeňil düşmez, ýöne muňa garamazdan men elimden gelenini ederin». 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň