Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy "Aşgabat 2017-däki" ilkinji duuşygyny geçirdi

16:3016.09.2017
0
5350

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy «Aşgabat 2017-däki» ilkinji duşuşygyny Gongkongyň ýygyndysy bilen geçirdi. Ilkinji gezek iri halkara ýaryşyna çykýan zenanlar ýygyndymyz tejribesi az hem bolsa ýaryşa ruhubelent we maksada okgunly başlady. Şeýle-de bolsa has tejribeli gonkongly futzalçylar assa-ýuwaş üstünligi öz eline alyp, 4-nji minutdan 19-njy minuda çenli milli ýygyndymyzyň derwezesinden dört pökgini geçirdiler.

Birinji ýarymy 0:4 hasabynda Gonkongyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymy janköýerlerimiziň begenji bilen başlady. 22-nji minutda Ejeş Amanmuhammedowa hüjümiň sag ganatyndan derwezä ussatlyk bilen urgy etdi we hasap 1:4 boldy. Ýöne duşuşygyň ahyryna çenli Gonkongyň ýygyndysy ildeşlerimiziň derwezesinden ýene-de iki pökgini geçirdiler. Duşuşyk 1:6 hasaby bilen Gonkongyň peýdasyna tamamlandy.

Türkmenistan — Gonkong — 1:6.

Pökgi geçirenler:

Ejeş Amanmuhammedowa 22’ — Wing Sze Çan 4’ 18’ 19’, So Han Wong 12’, Şuk Fan Wong 27’, 28’

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň