Soňky habarlar

Arhiw

Futzal: Ýaponiýa ýeňiş bilen başlady

13:3616.09.2017
0
3787

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň futzal ýaryşynyň ilkinji duşuşygynda Ýaponiýanyň hem-de Hytaýyň zenanlar ýygyndysy duşuşdylar. Duşuşygyň eýýäm birinji minudynda Ýaponiýanyň ýygyndysynyň 31 ýaşly agzasy Miku Sakurada tapawutlanyp, «Aşgabat 2017-niň» futzal ýaryşynyň ilkinji pökgüsini geçiren türgen hökmünde bu ýaryşyň taryhyna girdi. 12-nji minutda Mio Fujita hasaby 2:0-a çykardy. Ýöne bu gezek Hyýatyň ýygyndysynyň jogaby gijikmedi. Jiabao Dong hytaýly futzalçylaryň şu ýaryşdaky ilkinji pökgüsini geçirip, hasaby 2:1-e çenli ýygyrdy. Ýöne janköýerler hasap tablossynda 3:1-lik hasaby görmek üçin hem kän garaşmaly bolmadylar. 14-nji minutda Mio Fujita ýene bir gezek sahna çykyp, aratapawudy 2 pökgä çykardy. Şondan bir minut soňra Akari Takao tapawutlandy: 4:1. Toparlar şu hasap bilen arakesmä çykdylar.

Arakesmeden soň duşuşyk hytaýly futzalçylaryň ýiti hüjümi bilen başlandy. Şolaryň biri öz miwesini berip, Ýukiu Fan 23-nji minutda hasaby 4:2-ä çykardy. Ýöne Hytaýyň ýygyndysy 24-nji minutda Erika Hottanyň pökgüsine çär tapyp bilmedi. Şeýlelikde, ýene-de Ýaponiýa aralyga 3 pökgä çenli açdy: 5:2. Duşuşyk şu hasap bilen hem tamamlandy.

Ýaponiýa — Hytaý — 5:2.

Geçirilen pökgüler:

Miku Saurada 1’, Mio Fujita 12’, 14’, Akari Takao 15’ — Jiabao Dong 13’, Ýukiu Fan 23’.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň