Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: 25-nji tapgyryň gysgaça hasaplamalary

22:5414.09.2017
0
1423

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Sanawda ýene biri: Şu möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna bu tapgyrda bir futbolçy goşuldy we sanaw 88-e çykdy.

11 gol: Tapgyrda derwezelere 11 gol geçirildi. Mundan öň 2, 7, 15 we 18-nji tapgyrlar 11 gol bilen tamamlanypdy.

88 futbolçy, 253 gol: Her futbolça 2,8 goldan düşýär.

 

«Şagadam» — «Turan» —3:1.

Gollar:

0:1, Ibragim Ibragimow 22’

1:1, Begenç Annagurbanow 57’

2:1, Begenç Annagurbanow 72’

3:1, Mämmedaly Karadanow 90’.

 

Iki toparda 6 gol: Möwsümdäki 6-njy goluny geçiren Mämmedaly Karadanow şu möwsümde iki toparda tapawutlanan futbolçylaryň hataryna girdi. Mälim bolşy ýaly, ol çempionatyň birinji ýarymynda «Balkanda» çykyş edipdi.

Bir meýdanda 24 gol: Şu ýyl öz meýdanynda garşydaşlaryna 24 gol geçiren «Şagadam», häzirlikçe, öz meýdanynda kän gol geçiren topardyr.

«Şagadamyň» iň gowy 15-liginde: Şu tapgyrdaky dubly bilen Begen Annagurbanow «Şagadamyň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren 15 futbolçynyň biri boldy. Indi onuň «kenarlylaryň» hatarynda 4 goly bar.

280-nji ýeňiş: Şu tapgyrda gazanylan ýeňiş «Şagadamyň» Ýokary ligadaky 280-nji ýeňşidir.

 

«Merw» — «Energetik» — 2:2.

Gollar:

0:1, Guwanç Abylow 4’

1:1, Rustam Mätryzaýew 27’

1:2, Alibek Abdurahmanow 40’

2:2, Perman Hallyýew 90’.

 

25 tapgyr — 30 gol: «Energetik» şu möwsümde garşydaş derwezelere 30 gol geçiren bäşinji topar boldy.

Hallyýew «Merwiň» iň gowy 10-lugynda: «Merwiň» düzüminde altynjy goluy geçiren Perman Hallyýew bu topar bilen 2013-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren futbolçylaryň 10-lugyna girdi.

Alibekden 10 gol: Alibek Abdyrahmanow «Energetigiň» düzüminde Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi.

120 utuk: «Energetik» Ýokary ligadaky üçünji möwsüminde 120-nji utugyny gazandy.

 

«Balkan» — «Aşgabat» — 0:1.

Gol:

0:1, Mekan Saparow 72’ (ö.d.)

 

«Aşgabat» bäşinji orunda: Indi ençeme tapgyr bäri altynjy orundan ýokary galyp bilmeýän «Aşgabat» bu tapgyrdaky ýeňşi we «Energetigiň» utuk ýitirmegi bilen, bäşinji orna geçdi.

 

«Köpetdag» — «Altyn asyr» — 0:2.

Gollar:

0:1, Arslanmyrat Amanow 47’

0:2, Selim Nurmyradow 57’.

 

Ýokary ligada 20-nji gol: Şu tapgyrdaky gol Selim Nurmyradowyň Ýokary ligadaky 20-nji goludyr. Özem ol şol gollaryň 19-syny «Altyn asyryň» düzüminde oýnaýarka geçirdi.

Myhmançylykda — iň gowusy: Şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda 6-njy ýeňşini gazanan «Altyn asyr» bu babatda ähli garşydaşlaryny yzda galdyrdy. Hatda ýaryşyň öňdebaryjysy «Ahalyňam» myhmançylykdaky oýunlarynda 5 ýeňşi bar.

100-den geçdi: Şu tapgyrdaky Arslanmyrat Amanowyň goly «Köpetdagyň» derwezesine Ýokary liga täzeden gaýdyp gelensoň geçirilen 100-nji goldur.

 

«Ahal» — dynç alyş.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň