«Mekdep media» fotostudiýasynyň agzalary V Aziadanyň meýletinleriniň hatarynda

17:2713.09.2017
0
715
«Mekdep media» fotostudiýasynyň agzalary V Aziadanyň meýletinleriniň hatarynda

Dürli sebitlerden umumy orta bilim beýýän okuw jaýlarynyň birnäçesiniň ýokary synp okuwçylarydyr mugallymlary bäsleşikleriň ähli tapgyryndan geçip, „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň meýletinleriniň hataryna goşuldylar. 

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurt dilleriniň birini ýa-da birnäçesini, türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini, däp-dessurlaryny gowy bilmek, mylakatlylyk we açyklyk, Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň hersiniň özboluşlylygyny bilmek, alçaklyk –meýletinlere bildirilýän esasy talaplaryň biridir. 

Paýtagtymyzyň 64-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň bir topary bedenterbiýe mugallymy Magaram Allahgulyýewiň ýolbaşçylygynda Aziada taýýarlyga goşant hökmünde diňe bir meýletinler başarnygyny öwrenmän, eýsem „Mekdep media“ mekdep studiýasyny-da döretdiler. 

Çagalar döredijilik ussahnanasyny açmazdan ozal Magarram Allahgulyýew tomusky dynç alyşda Gökderedäki „Çynar“ çagalar -sagaldyş merkezinde adybir fotogurnak alyp barypdy. Mugallymyň, ondan biraz soňra oňa höwesek çagalaryň düşüren suratlarynyň ýüzlerçesinde sagaldyş merkezinde gurnalan dürli çärelerden pursatlar saklanyp galypdyr. 

Her ýylky tomusky möwsümde, soňra her çalşykda çagalaryň Gökderedäki dynç alyşy baradaky suratlaryň sany barha artýardy. Oňa çagalaryň köpçülikleýin höwesi sagaldyş merkezleriniň arasynda fotosuratlaryň bäsleşiginiň guralmagyna getirdi. Tomusky dynç alyşdan soň bolsa, olar mekdep durmuşyny surata alyp ugradylar. Wagty bilen „Çynar“ fotogurnagy paýtagtymyzyň 64-nji mekdebindäki „Mekdep media“ studiýasyna öwrüldi. 

Indi döredijilik studiýasynda diňe bir 64-nji mekdebiň däl, eýsem paýtagtyň beýleki mekdepleriniň hem birnäçesiniň ýokary synp okuwçylary bar. Onuň işjeň agzalary bolan Aýlar we Daýana Pastuşenkolar, Daniela Fokina, Aýlar Amanowa, Walentina Makeýewa, Haşym Alyýew, Selbi Ýagmyrowa, Aýşa Baýramowa dagy üçin surat almak sungaty çynlakaý pişä öwrüldi. Gurnagyň agzalary dürli pudaklaýyn edaralar, ozaly bilen Bilim ministrligi üçin tematiki albomlar taýýarlaýarlar. 

Mälim bolşy ýaly, „Mekdep medianyň“ agzalary meýletinler hereketine-de işjeň gatnaşýarlar. Çagalaryň birnäçesi telewideniýäniň ýörüte toparyna alyndy, indi olar iri sport forumyndan surat düşürerler. Olaryň işini Magarram Allahgulyýew utgaşdyrýar. Ol söhbetdeşliklerimiziň birinde höwesjeň suratçy hökmünde çagalaryň ýylgyryşyny alyp başlandygyny aýtdy. Bedenterbiýe mugallymynyň ýolbaşçylygyndaky fotostudiýanyň taryhy-da çagalaryň ýylgyryşy düşürilen suratlar toplumyndan başlanypdy. 

Öz wagtynda „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Daýanç Gulgeldiýew çagalaryň işi bilen tanşyp, olar bilen söhbetdeş bolandan soň olaryň erjelliigine baha beripdi—diýip, Magarram gürrüň berýär.—Onsoň biz jiu-jitsu boýunça birinji Aziýa çempionatynda, soňra «Inspiring Ashgabat» tapgyryndan geçirilen ýaryşlarda işledik. Indi bolsa, ýene birnäçe günden başlanýan Aziadada türkmen türgenleriniň uly ýeňişlerini surata düşürmäge taýýarlanýarys.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň