Soňky habarlar

Arhiw

«Merwe» göz däl, «didar» degdi

23:2112.09.2017
0
3727

Milli futbol çempionatymyzyň Ýokary ligasynda düýn 26-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi. Üç duşuşygy şu gün oýnaljak tapgyryň açylyş duşuşygynda ýaryşyň öňdebaryjysy «Ahal» Mary şäheriniň «Merw» futbol toparyny kabul etdi.

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň ýanaşyk futbol meýdanynda geçirilen duşuşygyň birinji ýarymy dartgynly pursatlara baý bolanam bolsa derwezelere pökgi geçirilmedi. Ikinji ýarymda bolsa janköýerler üç gola şaýat boldular.

56-njy minutda Gurbanguly Aşyrow ýer eýelerini öňe çykardy. 75-nji minutda «Ahalyň» kapitany Didar Hajyýew tapawutlandy we hasap ýer eýeleriniň peýdasyna 2:0-a çykdy. Mundan öň şu möwsümde birinji tapgyrda «Köpetdag» bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanan kapitan, şeýlelikde, möwsümdäki gollarynyň sanyny hem 2-ä çykardy. 85-nji minutda duşuşygyň soňky sözüni ýene-de Didar sözledi, ýöne bu gezek başga bir Didar — üçünji aýlawdan başlap, «Ahalyň» düzümine goşulan hüjümçi Didar Durdyýew. Şeýelikde, ol birnäçe möwsümden soňra, ýene-de «Ahala» gaýdyp gelip, ilkinji goluny geçirdi. Bu ýeňişden soň, «Ahal» utugyny 53-e çykardy.

Şu gün «Köpetdag» stadionynda «Altyn asyr» «Şagadamy», Balkanabatda «Balkan» «Köpetdagy», Maryda bolsa «Energetik» «Aşgabady» kabul eder. Tapgyrda Daşoguz şäheriniň «Turany» dynç alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň