Ýoşinobu Maekaw: Islendik aralyk ilkinji ädimden başlanýar

17:0012.09.2017
0
4130

Sportuň islendik görnüşine garanyňda türgeniň, toparyň, ýygyndynyň ýetýän sepgitleri ilkinji nobatda tälimçä baglydygy hiç kime gizlin bolmasa gerek. Bu babatynda esasanam oýun görnüşlerinde tälimçiniň orny has-da uludyr. Dünýä futboluna ser salanymyzda, öz toparlary bilen soňky Çempionlar hem-de Ýewropa ligalarynda ýeňiş gazanan “Realyň” hem-de “Mançester Ýunaýtediň” tälimçileri Zinedin Zidan bilen Žoze Mourinýo hakydaňa gelýär. Ýöne, köpler olaryň şu sepgide ýetmek üçin ussatlardan tälim alandyklaryny bilýän hem däldirler. Mourinýonyň Bobbi Robsonyň, Zidanyň bolsa tejribeli tälimçi Karlo Ançelottiniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirendigi olaryň ýeten sepgitlerine özboluşly jogap berýär... Futzal boýunça milli ýygyndymyzyň tejribeli baş tälimçisiniň kömekçisi Ýoşinobu Maekawa hem ýokary netijeleri gazanan ussat tälimçileriň ýeten sepgitlerini özüniň esasy ýoly edinýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanýan futzal boýunça milli ýygyndymyzyň Ýaponiýada geçirilen halkara ýaryşynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykandygyny eşidenimizde ýygyndymyzyň tälimçileriniň biri bilen gürrüňdeşlik geçirmegi ýüregimize düwdük. Bilşiňiz ýaly, indi bir ýyla golaý wagt bäri ýygyndymyza ýaponiýaly tälimçi Kýöneý Nakamura futzalyň inçe tilsimlerini öwredip gelýär. Onuň kömekçisi wezipesinde zähmet çekýän Ýoşinobu Maekawa bolsa oýunçylarymyzyň taktikadyr fizika taýýarlygyna jogap berýär. Ýaponiýanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Aziýa yklymynda ilkinji üçlüge girýändigi bu ýurduň tälimçileriniň türgenleşik bolsun, halkara ýaryşydygyna garamazdan islendik ýagdaýda professionalizmi elden bermeýändiklerini görkezýär. Şol sebäpli-de, ýygyndymyza wajyp ýaryşyň öňüsyrasynda hut ýaponiýaly tälimçiler toparynyň tälim bermegi ýeňşe bolan ilkinji ädimiň ädilendigini aýdyňlygy bilen aýtsa bolar. Ýeňil atletika boýunça dünýä rekordsmeni ýamaýkaly Useýn Boltuň: “Islendik aralyk hem ilkinji ädimden başlaýandyr” diýen jümlesini hakydaňa getireniňde milli ýygyndymyzyň dogry ýoldan ýeňşe sarydygy öz özünden düşnüklidir.

Biziň söhbetdeşimiz Ýoşinobu Maekawa gürrüňdeşlige başlamazdan ýurt derejesinde edilýän goldawyň hökmany suratda netije berýändigini aýratyn belledi.

–  Ilki bilen bir ýylyň dowamynda çeken zähmetiňiziň halkara ýaryşynda gazanylan ýeňşe syrygandygy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.

–  Sag boluň. Mundan öňki geçiren okuw-türgenleşiklerimiz Ýaponiýadaky ýaryşda mese mälim duýuldy. Oglanlar özlerinden edilen talaby aňryýany bilen ýerine ýetirdiler. Güýçli toparlaryň arasynda ikinji orny eýelemegimiz geljege umyt bilen seretmäge mümkinçilik berýär.

–  Jogapkärli ýaryşda diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinip, türgenleşik prosesine girişen Türkmenistanyň milli ýygyndysyny türgenleşdirmäge haçan teklip aldyňyz.

- Geçen ýylyň oktýabrynda. Şonda men baş tälimçimiz Kýoneýi Nakamura bilen milli ýygyndyňyzy türgenleşdirmek baradaky teklibi kabul etdik. Dogrymy aýtsam, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýnuna tomaşa etmek miýesser etmändi. Ýöne men teklibi kabul etmezden öň milli ýygyndyňyzyň oýunlaryny wideo şekiller arkaly syn etdim. Şeýle-de, Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşysyna meýdança çykan ýaponiýaly oýunçylar bilen maslahatlaşdym. Umuman nähili ýygyndyny türgenleşdirjekdigim barada azda-kände tanyşlygym bardy.

–  Gürrüňimizi sportuň gyzykly görnüşi bolan futzaly saýlamagyňyz bilen dowam edäýeliň?

–  Tokionyň golaýynda ýaşamyzsoň karýerama paýtagtymyzyň "Maçida" toparynyň ýaşlar düzümide başladym. Soňlugynda toparyň uly ýaşly futzalçylarynyň arasyna çykyşymy dowam etdim.

–  Tälimçi bolmak pikirine haçan geldiňiz?

–  Aslynda men futzalda güýçli ýurt hasaplanýan Ispaniýada hem çykyş etdim. Soňlugynda bolsa bu ýurduň tejribeli tälimçilerinden tälimçilik käriniň inçe tilsimlerini öwrendim. Şonuň üçin maňa ispan futzaly hem örän ýakyn.

– Adatça toparlaryň ösüşine goý, ol ýoldaşlyk duşuşyklary bolsun gazanýan ýeňişlerine garap baha berilýär. Şu tarapdan alanyňda, Türkmenistan Özbegistandaky ýoldaşlyk oýunlarynda, soňra bolsa Ýaponiýadaky halkara ýaryşda diýseň netijeli çykyş etdi. Şol ösüşi siz professional nukdaýnazardan seredeniňizde nämede görýärsiňiz?

– Güýçli ýygyndylar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek islendik tälimçiniň hem arzuwy. Ýaponiýadaky ýaryşa gatnaşmagymyzyň öňüsyrasy Aziýada güýçli hasaplanýan Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarymyz taktikadyr fizika babatynda örän peýdaly boldy. Onda birinji duşuşykda ýeňiş gazanyp, ikinji duşuşygy deňlikde tamamladyk. Geçen ýyl bu ýygyndydan 10 top arasy bilen ýeňilýändigimizi nazara alanymyzda geçen döwürdäki ösüşimiziň görnetin üýtgändigi duýulýar.

– Azerbaýjanda we Özebegistanda ýoldaşlyk duşuşyklaryň tapgyry geçirilip, şonda GDA-nyň giňişligindäki öňdebaryjy döwletler bilen erjel göreşildi. Garşydaşlarymyzyň artykmaçlygy nämeden ybarat. Olar taktikamy, tehnikamy haýsy tarapdan artykmaçlyk gazanýarlar.

– Ýaňy hem belläp geçişim ýaly Özbegistanyň we Azerbaýjanyň milli ýygyndylary tehniki, taktiki hem-de fiziki taýdan örän güýçli, biziň olardan öwrenere zatlarymyz entäkler örän köp. Bilşiňiz ýaly, Özbegistanyň milli ýygyndysyny dünýäde tanalýan tejribeli tälimçileriň biri ispaniýaly tälimçi türgenleşdirýär. Ýoldaşlyk duşuşyklary döwri biz onuň bilen taktika babatynda köp pikir alyşdyk.

– Iň soňky türgenleşik işleriňizi Ispaniýada geçirdiňiz. Ýoldaşlyk duşuşyklarynda gazanylan netijeler örän begendirýär.

– Ispaniýanyň Santýago şäherinde geçiren okuw-türgenleşigimiz hemme babatda milli ýygyndymyzyň Aziýa oýunlaryna taýýardygyny görkezdi. Biz futzalyň ösen ýeri hasaplanýan ýurtda geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarymyzyň 4-sinde ýeňiş gazandyk, 1 duşuşygy deňme-deň tamamladyk, birinde bolsa ýeňildik. Ýöne bir zady aýratyn belläp geçeýin, geçen döwürde oglanlara beren türgenleşiklerimiz degerli netijesini berdi. Men häzirki wagtda arkaýyn jogap berip biljek. Biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýokary orunlary eýelemäge doly derejede taýýar.

– Aşgabatdaky Aziýa oýunlarynda milli ýygyndymyz Wýetnamda guralan oýunlardaky üstünligini gowulandyryp bilermi? Ýadyňyzda bolsa, şonda türkmen futzalçylary 4-nji orny eýeläpdirler.

– Bu ýaryşda hem biziň öňümizde ilkinji üçlüge düşmek meselesi goýuldy. Futzal oýny garaşylmadyk netijelere örän baý. Muny soňky dünýä çempionatynda Eýranyň milli ýygyndysynyň gazanan bürünç medaly hem şaýatlyk edýär. Biz hem türkmen ýigitleri bilen egin-egne berip işleşýäris. Netijemi?... Netije bolsa hökman bolar. Sebäbi islendik künjekde ýurt derejesinde berlen goldaw iru-giç öz oňyn miwesini berýär. Muny dünýä tejribesi aýdyňlygy bilen subut edip gelýär.

Ýoşinobu Maekawa - 1971-nji ýylda Tokioda doguldy. Maşgalaly bir ogly bar.

Tälimçilik ýoly:

1999-njy ýyl - Ýaponiýanyň ýokary ligasynda çykyş edýän "Peskadora Maçida" toparyny türgenleşdirdi

2000-nji ýyl - Braziliýada tälimçilik okuwyny geçdi

2004-nji ýyl - Futzal boýunça Ýaponiýanyň milli ýygyndysynda kömekçiniň wezipesini ýerine ýetirdi.

2004-2005-nji ýyllar - Ýaponiýanyň U23 ýygyndysynda tälimçi bolup işledi.

2005-2006-njy ýyllar - Tokionyň ýygyndysyna tälimçilik etdi.

2007-nji ýyl - Mýanmanyň milli ýygyndysyna tälimçilik etdi.

2008-nji ýyl - Ispaniýada tälimçilik okuwyny okady.

2009-njy ýyl - Ýaponiýanyň futbol assosiasiýasynda tälimçileriň instruktory wezipesinde işledi.

2013-nji ýyl - Ýaponiýanyň futbol assosiasiýasynda tälimçiler bölüminiň başlygy wezipesinde işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň