Soňky habarlar

Arhiw

Batyr Hangeldiýew: «Bowling — «Aşgabat 2017-niň» iň gyzykly ýaryşlarynyň biri bolar»

16:5312.09.2017
0
8229

Bowling ýurdumyzda soňky ýyllarda meşhurlyk gazanyp başlan sport görnüşleriniň biri. Sportuň bu görnüşi  babatdaky maglumatlar Türkmenistanyň Bowling federasiýasynyň ýolbaşçysy Batyr Hangeldiýewiň öz gürrüň bermeginde has-da täsirli bolsa gerek.

— Batyr, ilki bilen ýurdumyzda näçe wagtdan bäri sportuň bowling görnüşi bilen meşgullanylýandygy barada aýdaýsaňyz, ýagny bu federasiýa haçan döredildi?

— Mundan üç ýyl ozal, ýagny 2014-nji ýylda Sport baradaky döwlet komitetiniň garamagynda ýörite federasiýa döredildi. Şol ýyldan bäri federasiýanyň işine ilki paýtagtymyzdaky dynç alyş merkezlerine yzygiderli gatnap, bowlingde belli bir tejribe toplan ýaşlar, soňra bolsa welaýatlarymyzdan hem ezber türgenler çekildi.

— Şol türgenlerden Aziýa oýunlarynyň bowling ýaryşlaryna näçesi gatnaşmaly?

 — Aşgabat Aziadasynda bowling boýunça ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak türgenleriň sany ilki 15-e ýetýärdi. Geçirilen saýlama ýaryşlaryň netijesinde türgenleriň sany 8-e, ýagny dört oglan, dört gyza getirildi. Bu bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň bowling ýaryşlarynda talap edilýän türgenleriň sanyna barabardyr.

 — Bowling ýygyndysynyň milli we halkara ýaryşlaryna gatnaşygy we bu ugurda gazanan üstünlikleri barada gürrüň beräýseňiz.

—Federasiýanyň işi assa-ýuwaş ýola düşüp, milli ýaryşlar geçirilmäge başlandy. Geçen üç ýylyň dowamynda Aşgabadyň açyk çempionaty we «Aşgabat 2017-ä» saýlama ýaryşlar geçirildi.

Bowling ýygyndymyz daşary ýurtlardaky okuw-türgenleşiklerine 2015-nji ýylda girişdi. Şol ýyl ýygyndy toparymyz Russiýa Federasiýasynyň Kaluga şäherinde okuw-türgenleşiginde bolup, halkara tejribesine tarap ilkinji ädimini ätdi. Şondan bir ýyl soň, ýagny 2016-njy ýylyň maý aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde hem okuw-türgenleşigi geçirildi. Şol ýylyň sentýabrynda bolsa türkmen bowlingçileri ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşdylar. Gonkongda geçirilen Aziýa çempionatyna ýurdumyzdan 5 türgen wekilçilik etdi.

Nobatdaky daşary ýurt saparymyz şu ýylyň fewral aýynda boldy. Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen okuw-türgenleşiginiň çäklerinde türkmenistanly bowlingçiler şäheriň kubogy ugrundaky ýaryşa hem gatnaşdylar. Ýaryşda biziň ildeşlerimiz 5 sany bürünç medala eýe bolup, toparlaýyn hasapda-da üçünji orny eýelediler.

—   Tüweleme! Diýmek, bu netijeler irginsiz taýýarlygy talap edýän bolsa gerek. Esasy türgenleşik işleri nirelerde alnyp barylýar?

 —  Şu ýylyň maý aýynda «Awaza» sport toplumynda 10 günlük okuw-türgenleşigi geçirildi. Bowling boýunça milli ýygyndymyz şondan bäri Aşgabatda — «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde türgenleşýär.

Daşary ýurtlarda geçirilen okuw-türgenleşikleri türgenlerimiziň kämillik derejesiniň artmagyna örän uly täsirini ýetirdi. Biz her türgenleşigiň netijesini olaryň yzysüre bada-bat gördük. Çünki halkara tejribesi ýetik tälimçilerden sapak almak, iri ýaryşlaryň talaplaryna laýyk gelýän bowling zallarynda türgenleşmek, gürrüňsiz, türgeniň taýýarlygyna uly täsir edýär.

  — Milli ýygyndynyň üpjünçilik meseleleri boýunça hemaýatkärlik barada hem aýdaýsaňyz.

  — Bowling boýunça milli ýygyndymyzyň üpjünçilik meseleleri «Türkmenistan» täjirçilik banky tarapyndan çözülýär. Bu bank milli ýygyndymyzyň wekilleriniň daşary ýurtlara okuw-türgenleşiklere gitmegine, türgenleşik ýerini kärendesine almaga, welaýatlardan gelen türgenleriň «Paýtagt» myhmanhanasynda ýaşamagyna, sport lybaslary bilen üpjünçilige uly goldaw berýär.

  —  «Aşgabat 2017-de» bowling ýaryşlary nähili görnüşlerde geçiriler?  

  — Aşgabat Aziadasynyň bowling ýaryşlary ýekelikde, jübütleýin we toparlaýyn görnüşde geçiriler. Şeýlelikde, bowlingçiler medallaryň 6 toplumy üçin göreşer.

—   Aziýa oýunlarynda bowling boýunça milli ýygyndymyzyň türgenlerine uly üstünlik arzuw edýäris! Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

—   Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň