Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy

22:3210.09.2017
0
3126

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakumly gazoýly satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Singapur. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 685 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerden we beýlekilerden gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 228 müň manatlykdan gowrak saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 507 müň manatlyk azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň