“Hoş zaman” — «Aşgabat 2017-niň» resmi hyzmatdaşy

14:5410.09.2017
0
7998

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Hoş zaman” kompaniýasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna resmi hemaýatkär hökmünde goşulýandygyny buýsanç bilen yglan etdi.

“Hoş zaman” guşçulyk fermasy 2004-nji ýylda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen söwda etmek maksady bilen esaslandyryldy. “Hoş zaman” kompaniýasy häzirki wagtda öz ugry boýunça sebitde öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. Sagdyn we ekologiki taýdan arassa önüm öndürmek üçin innowasion tehnologiýalary ulanýan “Hoş zaman” kompaniýasy Aşgabat 2017 üçin ideal hyzmatdaş bolup durýar.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew şu günki bildiriş babatda şeýle diýdi: “Biziň hemmämiz üçin “Hoş zaman” kompaniýasynyň Oýunlaryň maşgalasyna goşulýandygy begendirýän täzelikleriň biridir. Ýerli kompaniýalarynyň Oýunlara goşulyp, zerur bolan goldawy berýändigi we hyzmatlar bilen üpjün edýändigi iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny gurnamakda uly orun eýelär. Sentýabr aýy Türkmenistan Watanymyz üçin taryhy wakalaryň biri bolar we “Hoş zaman” ýaly türkmen kompaniýalarynyň Oýunlary goldamagy  sport çäresiniň wajypdygynyň aýdyň subutnamasydyr”.

“Hoş zaman” kompaniýasy hyzmatdaş hökmünde Oýunlara gatnaşýan işgärleriň we meýletinçileriň iýmit üpjünçiligi maksatnamasy üçin 80 000 sany şokolad we meýletinçileriň sowgatlyk torbasy üçin 10 000 guty süýji bilen üpjün eder.

“Aziýadan we Okeaniýadan altyn medal üçin ýaryşjak türgenleriň gatnaşmagy bilen geçirilýän Aşgabat 2017 oýunlarynyň hyzmatdaşy bolmak “Hoş zaman” kompaniýasy üçin uly hormatdyr. Aşgabat 2017-niň hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmek we hakykatdan hem iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň bir bölegi bolmak “Hoş zaman” kompaniýasy üçin uly abraýdyr” diýip, kompaniýanyň wekili Nurmuhammet Gapurow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň