Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Aşgabat 2017-niň» esasy türgenleşik merkezleriniň biri bolar

14:5110.09.2017
0
11201

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleri hem uly goşant goşýarlar.

Şeýle bilim ojaklarynyň biri-de Halkara Nebit we gaz uniwersitetidir. «Aşgabat 2017-ä» taýýarlyk döwründe uniwersitetiň sport toplumynda milli ýygyndylarymyzyň ikisi türgenleşik işlerini alyp bardy. Taýýarlyk döwründe türgenleşik işleriniň ýokary derejede, hiç hili bökdençliksiz alnyp barylmagy üçin ähli şertler döredildi.

Oýunlaryň geçirilýän döwründe hem bu toplum esasy türgenleşik merkezleriniň biri bolmagyny dowam eder. Has takygy, toplumda taý boksy, kikboksing, jiu-jitsu, taekwondo we kuraş boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen türgenler bu ýerde taýýarlyk-türgenleşik işlerini dowam etdirip bilerler. Munuň üçin uniwersitet tarapyndan ähli şertler, mümkinçilikler döredildi. Döwrebap amatlyklary bilen ozal hem paýtagtymyzyň esasy türgenleşik merkezleriniň biri hökmünde hyzmat edip gelýän topluma täze sport enjamlaryň ýene-de ençemesi oturdyldy. Şeýle hem ol başa-baş göreş sungatlarynyň dürli görnüşlerine niýetlenen düşekçe bilen üpjün edildi. Uniwersitetiň sport klubynyň wekilleriniň bize gürrüň bermegine görä, bu toplum «Aşgabat 2017-niň» myhmanlaryny kabul etmäge we olaryň ýaryşda ýeňiş gazanmagyna goşant goşmaga doly taýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň