Soňky habarlar

Arhiw

"Aşgabat 2017-niň" monumenti yklym ýaryşynyň aýratyn bezegi bolar

14:5010.09.2017
0
5926

Olimpiýa oýunlary, Aziýa oýunlary we dürli iri halkara ýaryşlary geçirilende her sport çäräniň öz monumenti (ýadygärligi), ýagny ýaryş döwri ulanyljak bezegi bolýar. Ynha, biziň şol diýýän täsinligimiz hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň "Olimpiýa" monumenti.

Sport şäherçesine özboluşly ýaraşyk berip duran bu monument milliligimiziň öwüşginlerini  özünde jemläp bilipdir. Beýikligi 34,50 metrden ybarat bolan monument  gadymy Nusaý galasyndan başlap, ýurdumyzyň arzyly, iň gözel, taryhy ýerlerini söküp, häzirki wagtda bolsa paýtagtymyzyň goňşy welaýaty bolan Maryda ýörişini dowam etdirip ýören atly ýigitlerimiziň berdaşly gollaryndaky "Aşgabat 2017-niň" alawynyň äheňine çalymdaş edýär.

Aşakdan seredýärsiň welin, ajaýyp täsinligiň çür depesindäki altynsow reňkde alawyň odunyň şekili Günüň düşýän şöhlesine öwşün atýar. Köçe tarapdan seredeniňde, monumentiň arka ýüzünde aýlawly monitor bolup, her gapdalynda-da dikilen uzyn pürsleriň bolmagy olaryň ýerleşiş tertibini ýarym aý şekiline meňzedýär. Suw çüwdürimlerine ýanaşyk duran bu pürslerde oýunlar döwri 60-dan gowrak döwletiň baýdaklary asylar. Täsin monumentiň özi-de sekizburçlyk äheňde bina edilen suw çüwdüriminiň merkezinde ýerleşýär.

Hälki aýdyşymyz ýaly, monumentde millilik bar. Binanyň göwresinde ýagny, aşaky bölegi bilen ýokarky bölegini birleşdirýän uzyn polat sütüninde GRP materialdan öndürilen 184 sany dürli göwrümdäki sekizburçlyk titanlar bar. Şeýle göze gelüwli şekilde nagyşlanylan bu ajaýyplyklar monumentiň täsirliligini has-da artdyrýar. Sport şäherçesine özboluşly ýaraşyk berip duran täsin — Olimpiýa monumenti, nesip bolsa, oýunlar döwri  hemmelere, esasan hem, türgenlere ruhy goldaw bermek bilen, olary ýeňşe tarap ganatlandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň