Saparmyrat Atabaýew: «Maksadym — altyn medal»

14:4210.09.2017
0
4845

Saparmyrat Atabaýewiň, umuman, Atabaýewleriň ady küştüň muşdaklaryn tanyşdyr. 18 ýaşyna çenli ýurdumyzyň 20 gezek çempiony bolan Saparmyrat Aşgabat Aziadasynda üsütnlikli çykyş etmegine garaşylýan küştçülerimiziň biri. Şu aýda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda talyplygynyň ikinji okuw ýylyna girişen türgen diňe bir küştçüler maşgalasynyň däl, tutuş ýurdumyzyň guwanjyna öwrülen ýaş zehinleriň biri.

Ilkinji halkara ýaryşyna 2009-njy ýylda gatnaşan türgeniň şondan bäri halkara ýaryşlarda gazanan medallarynyň sany iki eliň barmaklarynyň sanyndan hem geçýär. Şonuň üçin hem gürrüňi olaryň iň ulusyndan, ýagny dünýä çempionlygyndan başlalyň. Çünki bu çempionlyk Saparmyradyň Aşgabat Aziadasynda ýurdumyza wekilçilik etmäge niçiksi mynasypdygyny tassyklaýar.

2016-njy ýyl S.Atabaýewe hem talyplyk bagtyny, hem-de ilkinji dünýä çempionlygyny bagyşlady. Geçen ýylyň dekabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde 17 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň altyn medalyna mynasyp bolan türkmenistanly türgen 9 oýunda 7 utuk toplady. Munuň üçin ol oýunlaryň dördüsini deňlikde tamamlap, bäşisinde ýeňiş gazandy. Dünýä birinjiligi ýaly iri ýaryşda bu görkezijiniň örän gowy netijedigine küşte gowy düşünýän okyjylarymyz göz ýetirýändir.

Biz Saparmyradyň 2009-njy ýyldan bäri halkara ýaryşlarda gazanan üstünliklerini gysgaça sanamak bilen çäklenýäris. Olar barada giňişleýin gürrüňi bolsa ýene bir gezekki makalalarymyza goýýarys. Sizem, bizem sanalyň. Ine, 18 ýaşly türgeniň soňky 8 ýyldaky halkara görkezijileri:

2009-njy ýyl:

Hindistanyň Gurgaon şäherinde 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşda altyn medal;

Russiýada 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medal (bu ýaryşa Ýusup, Gözel, Maksat Atabaýewler hem gatnaşdy).

2012-nji ýyl:

Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Küşt olimpiadasynda 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda altyn medal.

2013-nji ýyl:

Eýranyň Sari şäherinde geçirilen Aziýa birinjiliginde 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda altyn medal;

Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Aýn şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda bütünç medal.

2014 we 2015-nji ýyllar:

Iki ýyl hem Wengriýada we Russiýada geçirilen halkara ýaryşlarda altyn medal;

şol sanda, 2014-nji ýyldan Russiýanyň çempionatynda birinji orna mynasyp bolup, Gresiýada geçirilen Ýewropa çempionatyna gatnaşmak hukugy;

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza dwletleriň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara ýaryşda altyn medal.

2016-njy ýyl:

Halkara sport ussady derejesiniň berilmegi.

Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda altyn medal.

2017-nji ýyl:

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde çalt oýnamak boýunça geçirilen halkara ýaryşda altyn medal.

Saparmyrat Atabaýew «Aşgabat 2017» oýunlaryna russiýaly tälimçi, öz döwründe Ýewropanyň çempiony bolan meşhur sport ussady Alekseý Greýewiň hem-de halkara grossmeýster Orazly Annalyýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. Onuň ilkinji tälimçisi bolsa Aýdogdy Atabaýewdir.

Türgen küşt boýunça milli ýygyndymyzyň hatarynda Russiýada we Wengriýada geçirilen okuw-türgenleşiklerine gatnaşdy. Sähel wagt tapyndygy, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okaýan, asyl-ha, olaryň köpüsini ýatdan bilýän Saparmyrat geljekde özüni küştçi hökmünde göz öňüne getirýär. Hut şonuň üçin hem ol Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny saýlap aldy.

Üstünlik hemraň bolsun, Saparmyrat!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň