Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

23:4909.09.2017
0
7546

Onda öňümizdäki möhüm wakalar bilen baglanyşykly döwlet durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gün tertibine durmuş-ykdysady ösüşiň pudaklaýyn wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa söz berdi. Wise-premýer “EKSPO—2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň we onuň çäklerinde guralan Türkmenistanyň serginiň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň 10-njy iýunynda “Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda işine başlan bu bütindünýä forumy dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän möhüm meseleleriň birine bagyşlanyldy. Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli bölümi hereket edýär. Onda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de “ýaşyl ykdysadyýet” ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça pikirler we çözgütler görkezildi.

Serginiň açylan pursadyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerinden ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de ýurdumyz bilen energetika pudagynda, senagatda, nebitgaz ulgamynda, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli teklipler gelip gowuşdy. Türkmenistanyň taryhy, milli we tebigy baýlyklar barada gürrüň berýän gymmatlyklar hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky maglumatlar ýurdumyzyň sergisi bilen tanyşmaga gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Foruma köp sanly gatnaşyjylar Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga höweslidiklerini beýan etdiler. “EKSPO—2017” halkara sergi 10-njy sentýabrda öz işini tamamlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň “EKSPO—2017” -ä gatnaşmagynyň baş maksadynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri dünýä görkezmekden ybarat bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle forumlaryň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli pudaklarda tejribe alyşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýändigini aýdyp, halkara serginiň işiniň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalaryndan gelip gowşan teklipleri düýpli öwrenmegi hem-de daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak işinde peýdalanmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew güýz-gyş möwsüminiň gelmegi bilen içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyz boýunça 930 müň 210 hojalyk hem-de 5 müň 424 senagat we durmuş maksatly kärhana şertnamalaýyn esasda tebigy gaz bilen üpjün edilýär. Häzirki döwürde güýz-gyş möwsümine taýýarlyk boýunça işler doly möçberde tamamlandy. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” hem-de “Türkmengazakdyryş” birleşikleriniň hünärmenleri gaz geçiriji ulgamlaryň we gaz paýlaýjy desgalaryň, ýokary, orta hem-de pes basyşly gaz geçirijileriň talaba laýyk işlemegini üpjün etmek boýunça barlag, arassalamak we abatlamak işlerini berjaý etdiler.

Tebigy gazy sarp edýän ilatly ýerlerde, edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we hassahanalarda gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna we ondan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär. Öňüni alyş we düşündiriş işlerine, tebigy gazy tygşytly ulanmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ilatly ýerleri tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen doly üpjün edilýär. Täze hojalyklarda hem-de ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça işler netijeli ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigy gazy aýawly we rejeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz önümçilik hem-de durmuş ulgamlaryna döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary we “mawy ýangyjy” sarp etmegiň halkara ölçeglerine kybap hasabat ulgamyny ornaşdyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem döwrebap önümçilikleriň döredilýändigini, dünýäniň meşhur önüm öndürijilerinden getirilen ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen kärhanalaryň gurulýandygyny we ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudak tarapyndan öndürilýän ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekişiniň geçirilişi hem-de pagta ýygymy möwsüminiň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şu günler sebitlerde güýzlük däne ekişi dowam edýär. Öz wagtynda gögeriş almak maksady bilen, gögeriş we tagt suwuny tutmak işleri geçirilýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny sazlaşykly işletmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.

Pagta ýygymy möwsüminiň barşynda şu güne çenli pagtanyň 124 müň tonnadan gowragy ýygnaldy. Pagta hasylyny kabul ediş harmanhanalarynda gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda uçarlaryň we derman pürküjileriň kömegi bilen gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri dowam edýär.

Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu möhüm oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek hem-de bu möhüm möwsümleýin işleri bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli guramaçylyk çärelerini görmegi wise-premýerden talap etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu maksatlarda ýurdumyzyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň garamagyna gelip gowşan döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak zerurdyr.

Umuman, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň oba hojalygynda işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirip, obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Bu özgertmeler oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga, şol sanda ähli ýerlerde öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesini ulanmagyň, şeýle hem obalarda täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmegiň, telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, himiýa senagatynyň kärhanalaryny mineral dökünleri öndürmek üçin zerur çig mal bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kuwwatlyklaryndan has doly peýdalanmak maksady bilen, azot dökünlerini öndürýän «Tejenkarbamid» zawodyny zerur çig mal bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki islegleri kanagatlandyrmak üçin we daşary yurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýan bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak baradaky wezipeleri çözmekde himiýa senagatyna möhüm orun degişlidigini aýtdy. Milli Liderimiz ýokary hilli mineral dökünleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini, hususan-da, oba hojalygyny ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, himiýa kärhanalarynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk, energetika ulgamlarynda hem-de jemagat hojalygynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky agyzsuw edaralary üçin zerur bolan alýuminiý sulfatynyň 15 müň tonnasyny satyn almak barada yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty agyz suwy bilen doly üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny, munuň giň möçberli maksatnamalarda öz beýanyny tapýandygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz agyz suwuny rejeli ulanmak, onuň ýitgilerini azaltmak, pudaklaýyn kärhanalaryň esasy gaznalaryny täzelemek boýunça çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Demir ýol ulaglary ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek hem-de onuň binýadynda demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda 
“Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, hereket edýän polat ýollarynyň durkunyň täzelenmegine, giňeldilmegine ünsi çekdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda demir ýollary gurmak boýunça möhüm taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Olar dürli ugurlar boýunça ýurdumyzyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag geçelgelerini döretmäge hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu babatda döwlet Baştutanymyz elektrik hereketlendirijilerde işleýän döwrebap lokomotiwler bilen otlularyň düzüminiň üstüni ýetirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berdi. Şol tehnikalar öz häsiýetnamalary boýunça howpsuzlygyň we ekologiýanyň ýokary halkara talaplaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz demir ýol pudagyny dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny giňden ornaşdyrmak meseleleriniň üstünde durup geçip, “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek barada öňe sürlen teklibiň wajypdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu möhüm meseläni içgin öwrenmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlaryny ösdürmek, taryhy-medeni mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we özboluşly baý medeniýetiniň subutnamalary bolýan milli muzeý gymmatlyklarynyň halkara derejesinde guralýan sergileri hakynda habar berildi.

Wise-premýer şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen beýleki wakalar mynasybetli geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň özboluşly ruhy we maddy medeni mirasynyň, umumadamzat ähmiýetine eýe bolan egsilmez milli gymmatlyklarynyň bardygyny belledi. Olaryň düýpli öwrenilmegi, geljekki nesillere ýetirmek üçin şertleriň döredilmegi hem-de daşary döwletlerde giňden wagyz edilmegi medeniýet babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda işleriň gerimini giňeltmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Öňümizdäki Aziada bagyşlanan çäreleri guramak we geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän saglygy goraýyş, ylym, bilim, sport ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň kombustiologiýa kömegi gullugynyň—ýanygy bejeriş lukmançylygynyň işini guramak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça Aşgabat şäherinde Ýanygy bejeriş merkezini gurmak maksady bilen, potratçyny seçip almak babatda halkara bäsleşigini geçirmek teklip edilýär. Merkezde degişli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin ýöriteleşdirilen anyklaýyş, bejeriş we saglygy dikeldiş hem-de kömekçi bölümlerini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezi döretmek boýunça ähli guramaçylyk meselelerini düýpli seljermegi tabşyrdy. Merkez işgärleriniň hünär derejesi hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlar boýunça halkara derejesine laýyk gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmek hem-de ony lukmançylygyň täze tehnologiýalary we usullary, dikeldiş hem-de intensiw terapiýasy bilen bir hatarda ornaşdyrmak, täze merkezde hirurgiýa-kosmetologiýa, “Tiz kömek” bölümlerini döretmegi göz öňünde tutmak barada tabşyryk berdi.

Milli Liderimiz bu edaranyň işiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bir hatarda, termiki şikeslerden ejir çekenlere lukmançylyk—durmuş kömegini bermegiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, işgärleri taýýarlamagyň, saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki düzümleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu wajyp çäreleri içgin öwrenmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri halkara düzümleri, şol sanda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn orun berilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň yzygiderli goralmagy Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmäge aýratyn üns bermek teklip edilýär. Hususan-da, ýurdumyz Merkezi Aziýada BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça “Merkezi Aziýa—Birleşen Milletler Guramasy ýokary derejeli gepleşigiň” netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny amala aşyrmak maksady bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksadalaýyk hasaplaýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm orun berýär hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 72-nji maslahatynyň çäklerinde ýurdumyz howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek işinde derwaýys meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamak üçin Kararnamany işläp taýýarlamak we kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip eder.

Esasy teklipleriň hatarynda häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ählumumy kiber-howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä jemgyýetçiliginiň işleriniň işjeňleşdirilmegi agzaldy. Onuň ösdürilmegi maglumat-tehnologiýalar ulgamyndaky örän uly üstünlikler bilen bilelikde alnyp barylýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň bähbitlerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak döwletimiziň halkara derejesinde alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlary bolar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy bilen Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň bu maksatlary netijeli durmuşa geçirmek üçin ylmy-usulyýet binýadyny döretmekde esasy orun eýelejekdigini aýratyn bellemek gerek.

Durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde sportuň ähmiýetini belläp, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynyň resminamasy hökmünde çap edilen “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna esaslanyp, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýä we sporta jogap berýän ministrleriň hem-de ýolbaşçy işgärleriň ýedinji halkara maslahatynyň geçirilmegini teklip eder.

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatda gün tertibiniň düzgünnamalaryny ýerine ýetirip hem-de adam hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek işinde sportuň goşandynyň artýandygyny ykrar etmek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlaryna bosgunlaryň olimpiýa toparynyň gatnaşmagy baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şuny nazara alyp, BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisiniň çäklerinde bosgunlaryň olimpiýa toparynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan ähmiýetli goşandyny höweslendirmek hakyndaky resminamany kabul etmek teklip ediler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak maslahatynyň barşynda Türkmenistan öz daşary syýasat işiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini kesgitledi. Şu maksat bilen, energetikany hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek meselelerine uly orun berler. Ine, döwletimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen täze halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de öňden bar bolan geçelgeleriň ulanylmagyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çözgütleriň durmuşa geçirilmegini dowam eder.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 2016-njy ýylyň noýabr aýynda BMG-niň ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasynyň ähmiýetini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda Türkmenistanyň “Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek” atly Kararnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiligine seretmegi teklip etjekdigini habar berdi.

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, energiýa serişdelerine durnukly we adalatly elýeterliligi üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk etmeginiň maksatnmasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda durnukly energetika ulgamynda täze halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak işini işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görýär. Öňde boljak maslahatyň çäklerinde Türkmenistan energiýa çeşmelerini hem-de energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin guramaçylyk, hukuk, ykdysady, tehniki we beýleki zerur şertleri döretmek işine gatnaşar.

Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň goldaw bermek ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň esasy aýratynlygydyr. Döwletimiz Baş Assambleýanyň nobatdaky maslahatynyň barşynda, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň, suw serişdelerini dolandyrmagyň, tebigy hem-de tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almagyň we olaryň täsirini peseltmegiň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşar.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynda başlyklyk etmegini nazara alyp, 2018-nji ýylda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Daşky Gurşaw baradaky Maksatnamasy (UNEP), Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýaly ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň gatnaşmagynda Halkara Gaznasyny dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleýin bölümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň strategiki häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, Aşgabatda hereket edýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň däp bolan bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetiniň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigini belledi.

“Açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan ýurdumyz ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkarar etmek maksady bilen, oňyn halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna garamaga hödürleýän netijeli teklipleri daşary syýasat ugrunyň Türkmenistanyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Biz Milletler Bileleşiginiň öňde boljak forumyna häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we berkitmek işinde BMG-niň öňdäki ornuny ykrar etmek, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibinde kesgitlenilen wezipeleri hem-de maksatlary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek işinde ähmiýetli tapgyr hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary onuň daşary syýasat ýörelgeleriniň binýatlyk esaslarynyň mizemezdigini görkezýär. Şol ýörelgelere laýyklykda, döwletimiz Bitaraplyk, goşulmazlyk ýörelgelerine pugta eýermegi, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmäge pugta ygrarly bolmakdan ugur almagy maksat edinýär. Dünýä jemgyýetçiliginiň garamagyna teklip ediljek halkara başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleriniň geljegi uly garaýyşlaryny şöhlelendirýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň forumyň işine gatnaşmagyna
taýýarlyk görmek meselelerine ýokary jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň düzümini tassyklady hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ulgamlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilen birnäçe kanunlary hem-de kadalaşdyryjy-hukuknamalaryny işläp taýýarlamak babatda hormatly Prezidentimiziň maslahatlaryny berjaý etmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny hem-de degişli resminamalaryny düýpli işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň taslamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň depginli bolmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem parlamentarileriň öz ygtyýarlyklaryny netijeli alyp barmagyny hem-de olaryň ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işlere işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky meselä degip geçip, ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge Bitarap Türkmenistanyň saldamly goşandy bolmalydygyny, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidigini, dünýäniň sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, bu işe gatnaşýan düzümleriň ählisiniň sazlaşykly hereket etmelidigini nygtady. Her bir çäre mynasybetli dabaralary guramak, ýaryşlary geçirmek hem-de olary çaltlyk bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly çäreler takyk berjaý edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli wise-premýerlere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde ýurdumyzda Energetika senagatynyň işgärleriniň gününiň döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýändigini aýdyp, ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli energetikaçylaryny hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgalada agzybirlik, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň