Soňky habarlar

Arhiw

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi

21:5007.09.2017
0
8476

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna on gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. 

Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, giň sport jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly myhmanlar ýygnandylar.

Bu ýerde teleköpri guraldy, ol Olimpiýa şäherçesine “Galkynyş” käni bilen baglaşdyrdy, şol ýerde Oýunlaryň alawy ýakylar.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň taryhy ähmiýetini belledi.

7 ýyl öň Türkmenistan döwletimiz V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Elbetde, geçen şu döwrüň her aýy, her ýyly Garaşsyz döwletimiziň halkara sport abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakalar bilen şöhratlandy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 500 gün galanda gadymy Nusaý galasyndan deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi.

Atly ýigitlerimiz güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda bolup, üstünlikli ýöriş etdiler.

Şu gün bolsa, bu taryhy ýörişe gatnaşýan atly ýigitlerimiz Mary welaýatyndan Aziýa oýunlarynyň alawyny alyp, Aşgabat şäherine ýola düşerler.

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyndaky dünýäde belli, iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» ojagyndan V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmaga ak pata berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň