Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler

23:3106.09.2017
0
7554

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Bu ýerde hemişe bolşy ýaly, howa şertlerine görä, ýygym möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz gijräk badalga alýar.

Ýurdymyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektar ýeri eýeleýän gowaça meýdanlaryndan “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary orta süýümli gowaçanyň ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan “Daşoguz-120”, “Serdar”, C-4727”, Daşoguz-114”, “Jeýhun” we “Gubadag-3” ýaly sortlaryny ileri tutýarlar.

Häzirki zaman oba hojalyk tehnikasy pagta ýygymynyň takyk, bökdençsiz iş depginini üpjün eder. Gowaça meýdanlaryna ýokary öndürijilikli “Jon Dir” we “Keýs” kombaýnlary çykaryldy, pagtany daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglarynyň we tirkegli traktorlaryň uly toplumy işe girizildi.Kabul ediş bölümleri we pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündizleýin işledilmegine doly taýýar edildi. Olaryň ýanynda ýerleşýän, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylan çig malyň hilini barlaýarlar.

Ýygymyň başlanmagy mynasybetli bolan dabaralara welaýat we etrap häkimleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançy alymlar, tejribeli agranomlar, kombaýnçylar, sürüjiler hem-de pagtaçy-kärendeçiler gatnaşdylar.

Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we welaýatyň oba hojalyk toplumynda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatyň aýdym-saz we tans-folklor toparlary täsirli konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Sportyň milli görnüşleri boýunça guralan däp bolan ýaryşlar hem baýramçylyga gatnaşyjylarda uly gyzyklama döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň