Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesine barýan ýörite ugurlar ýola goýuldy

13:4405.09.2017
0
21564

Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna barjak tomaşaçylary guramaçylykly gatnatmak üçin 16—28-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýörite wagtlaýyn ugurlar guralar.

Olimpiýa şäherçesiniň günortasyndaky — girelge 1, gündogaryndaky — girelge 2 we demirgazygyndaky girelge 3, jemi 3 sany girelgesinden oýunlara barmak üçin paýtagtymyzyň dürli ýerlerinden jemi 15 sany ugur boýunça awtobuslaryň gatnawlary ýola goýlar. Şeýlelikde, raýatlar oýunlaryň peteginiň ýüzündäki ýazylan girelgesine görä, Olimpiýa şäherçesine dogry tarapyndan girmek üçin ugurdaş awtobusa duralgalardan münüp bilerler we çykanlarynda gaýdyp bilerler.

V Aziýa oýunlary döwründe Olimpiýa şäherçesine barýan UGURLAR

GIRELGE 1 — barýan ugurlar (karta)

Duralga: “Berkarar” söwda merkeziniň gündogar tarapy.

Köşi belleniş nokadyndan (b/n): Köşi (Taslama) köçesi — Görogly köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly —

10 ýyl Abadançylyk köçesi — Garaşsyzlyk şaýoly — Jepbarow köçesi — duralga 1.

Ýerli howa menzilinden: A.Nyýazow şaýoly — Bitarap Türkmenistan şaýoly — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — Garaşsyzlyk şaýoly — Jepbarow köçesi — duralga 1.

Wokzaldan: Türkmenbaşy şaýoly — A.Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — Türkmenbaşy şaýoly — Gypjak köçesi — Atatürk köçesi — duralga 1.

Awtomenzilden: A.Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi (Şor) — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — Türkmenbaşy şaýoly — Gypjak köçesi — Atatürk köçesi — duralga 1.

Awtokombinat b/n: A.Nyýazow şaýoly — Ankara köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — Türkmenbaşy şaýoly — Gypjak köçesi — Atatürk köçesi — duralga 1.

 

GIRELGE 2 — barýan ugurlar(karta)

Duralga: Ýunus Emre köçesi (1-nji saglyk öýi).

Köşi b/n: Köşi (Taslama) köçesi — Görogly köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi — Ýunus Emre köçesi — duralga 2.

Ýerli howa menzilinden: A.Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi — Ýunus Emre köçesi — duralga 2.

Wokzaldan: Türkmenbaşy şaýoly — A.Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi — Ýunus Emre köçesi — duralga 2.

Awtomenzilden: A.Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi (Şor) — Ýunus Emre köçesi — duralga 2.

Awtokombinat b/n: Gündogar köçesi — Oguzhan köçesi — Ankara köçesi — Ýunus Emre köçesi — duralga 2.

Gaýdyş: Ýunus Emre köçesi — Ankara köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Awtokombinat b/n.

 

GIRELGE 3 — barýan ugurlar(karta)

Duralga: Türkmenbaşy şaýoly köçesi (Sport we syýahatçylyk instituty).

Köşi b/n: Köşi (Taslama) köçesi — Magtymguly şaýoly — Türkmenbaşy şaýoly — duralga 3.

Ýerli howa menzilinden: A.Nyýazow şaýoly — Türkmenbaşy şaýoly — duralga 3.

Wokzaldan: Gurbansoltan eje şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Türkmenbaşy şaýoly — duralga 3.

Awtomenzilden: A.Nyýazow şaýoly — Nurmuhammet Andalyp köçesi (Şor) — A.Nyýazow şaýoly — Türkmenbaşy şaýoly — duralga 3.

Awtokombinat b/n: A.Nyýazow şaýoly — Türkmenbaşy şaýoly — duralga 3.

Gaýdyş: Türkmenbaşy şaýoly — Oguzhan köçesi — Gündogar köçesi — Awtokombinat b/n.

 

Ugurlar 16—28-nji sentýabr aralygynda hereket eder.

5-nji sentýabrda 13:00-dan synag gatnawlary amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň