Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi açyldy

23:1902.09.2017
0
35621

1-nji sentýabrda açylyp, ulanmaga berlenHalkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde iň häzirkizaman usullar we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ulanylýar. Olaryň köpüsi Türkmenistanda ilkinji gezek ornaşdyrylýar.

Halkara endokrinologiýa merkezinde maslahat beriş hem-de anyklaýyş bölümi, funksional we şöhle bilen anyklaýyş bölümi, umumy endokrinologiýa, berhiz bölümi, tireodologiýa, endokrinhirurgiýasy, arassalaýyş bölümi bolan operasiýa otagy, yzygiderli terapiýa we annesteziologiýa, gaýragoýulmasyz tiz kömek hem-de fizeoterapiýa ýaly bölümler bar.

Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde endokrinolog, endokrinhirurgiýa lukmanlary, çaga lukmany, oftalmolog, newropotolog, terapewt, androlog, angiohirurg ýaly we beýleki ugra degişli hünärmenler işlär. 
Şeýle hem bu ýerde adam agramyna zerur gözegçiligi ýola goýýan berhiz boýunça otagda diňe bir iýmit derejesiniň näsazlygyny anyklamak däl, eýsem, hünärmenleriň kömegi bilen artykmaç agramy aýyrmagyň özbaşdak maksatnamasyny geçmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da, endokrinologiýa, ýürek-damar we gaztroendrologiýa häsiýetli meseleleri nazara almak bilen iýmitlenişiň tertipnamasy taýýarlanylýar.

Şeýle hem bölümde funksional anyklaýyş, elektrokordofrafiýa, rengen, kompýuter spirografiýasy, ultrases bilen anyklaýyş we beýleki enjamlar bar. Bölümiň esasy enjamlarynyň biri bolan arterial gan basyşyna gije-gündiziň dowamynda gözegçilik etmäge we ugurdaş EKG belligini almaga niýetlenen Germaniýanyň “Medilog Darwin” enjamy näsaglaryň hyzmatyndadyr.

Bina bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz angiografiýa we şöhle bilen anyklaýyş otagyna baryp gördi. Bu ýerde hünärmen milli Liderimize Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň “Magnetom Skyra” magnit- köpugurly tomograf hakynda gürrüň berdi. Magnit giňişliginiň uly güýji we nusga almagyň artdyrylan tizligi adam bedeniniň dürli düzümlerini jikme-jik gözden geçirmäge hem-de anyk düşünje almaga, endrokrin ulgamynyň keselleriniň irki alamatlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Täze tomograf näsaglaryň bu ýerde bolmak wagtyny has-da gysgaldýar. Enjamyň uly giňligi 250 kilograma çenli agramy bolan näsaglara niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bölüm bilen tanyşlygyň barşynda Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň “Luminos Fusion” we adam bedenindäki düzümleýin funksional üýtgeşmeleri ýüze çykarmaga hem-de keselleri has dürslük bilen anyklamaga mümkinçilik berýän “Mobileti Mira” ykjam sanly rentgen ulgamy bilen tanyşdy. Olar näsaglara zyýanly rentgen şöhleleriniň täsirini has azaltmak babatda öňkülerden tapawutlanýar.

Gaýragoýulmasyz tiz kömek bölüminde lukmanlaryň gije-gündizlik işi guralypdyr, kiçi operasiýa edilýän, funksional hem-de keselleri anyklaýyş otaglary, intensiw we şoka garşy terapiýa kabinetleri enjamlaşdyrylypdyr. Bu bölüm göçme dikeldiş we keselleri anyklaýyş enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Nemes we ýapon öndürijileriniň iň täze enjamlary –ykjam “Nihon Kohden Europe GmbH” defibrillýator, emeli dem berilýän “Oхylog 2000 Plus” ykjam enjam hem-de “Mobilett Mira MaхSiemens” ykjam rentgen enjamy, “Aplio 500 TUS-A-500/WA” we beýlekiler lukmanlaryň ygtyýarynda bolar.

Fizioterapiýa bölüminde semizligi, mäz kesellerini, şol sanda elektroterapiýa, ultrases, ýagtylyk we infragyzyl, lazer we mikrotolkun terapiýasy usullarynda bejermegiň däp bolan görnüşleri bilen bir hatarda, iň häzirki zaman usullary hem peýdalanylýar. Şunda Gollandiýanyň “Enraf-Nonius” kompaniýasynyň “Endomed”, “Сuraplus” hem-de “Sonaplus”, “Endolaser” we “Radarmed” enjamlary ulanylar. Mundan başga-da, bu bölümde fitobar ýerleşdirilipdir, onda syrkawlara Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan çaýlar, beýleki içgiler hem-de erginler teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň ikinji gatynda ýerleşýän litotripsiýa otagyna baryp gördi. Bu ýerde işleýän hünärmeniň aýdyşy ýaly, bu ulgam böwrekdäki daşy aýyrmagyň esasy usullarynyň biri bolup durýar. Böwrekdäki daşlary owratmak we olary ultrases güýçli tolkunlarynyň kömegi bilen çykarmak häzirki döwürde urologiýa ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Täze merkezde Germaniýanyň kompaniýasynyň “Dornier Gemini” enjamy oturdylypdyr. Ol ýörite wideoşekil arkaly daşlaryň çylşyrymly ýerleşendigine garamazdan, olary ugratmaga mümkinçilik berýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz operasiýa zallarynyň, yzygiderli terapiýa we anesteziologiýa bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Bu ýerde operasiýa zallarynyň 13-si bolup, olaryň 3-si gaýragoýulmasyz hirurgiýa, umumy hirurgiýa we iki ortapediýa, torakal, plastik hirurgiýa hem-de urologiýa zallarydyr. Bu ýerde oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlar, mysal üçin, Ýaponiýanyň “Olympusevis Beхera Lii” wideolaparoskopik toplumy iň çylşyrymly operasiýalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki bir ýapon toplumy -- “Aplio 50 OTUS” ultrases enjamynyň kömegi arkaly adamyň içki gurluşy boýunça degişli barlaglary amala aşyryp bolýar. “Erbe VIO 300S” elektrohirurgiýa enjamynyň ulanylmagy arkaly operasiýadan soňky içki gan gitmegi tiz wagtda we doly saklamak mümkinçiligi döredilýär. 
Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň “Сios Сonneссt С-Duga” ykjam rengen gurnamasy ortapediýa, damar hirurgiýasy, endourolotgiýa ýaly ugurlarda, şikes almalarda barlaglary uly görnüşde geçirmäge mümkinçilik berýär. “Erbokryo Сa” kryodestruktoranyň aýratynlygy onuň kömegi bilen agyryny aýyrýan serişdäni ulanmazdan, ambllator şertlerde köpsanly operasiýalary ýerine ýetirmek, şonda gan ýitirmegi doly aradan aýyrmak we operasiýadan soňky gödek yzlary ýitirmek ýaly artykmaçlyklardan ybaratdyr. Munuň özi bu çylşyrymly enjamyň ýerine ýetirýän işiniň diňe bir bölegidir. Onuň bilen täze merkziň hirurglary iş salşarlar.

Yzygider terapiýa palatalaryndaky lukmançylyk enjamlary “Infiniti Сentral Station Wideo” merkezi monitora birikdirilendir. Ol “Dräger” kompaniýasynyň lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň iş orunlaryny baglanyşdyrýan “Infiniti Omega” kompýuter ulgamy bilen birikdirildi.

Öýkeni emeli taýdan ýelejiredýän “Evita Infiniti V 500”, “Sevina 300” ýaly bölümde oturdylan enjamlar häzirki döwürde iň öňdabaryjy we ygtybarly hasaplanylýar. Bu enjamlaryň kömegi bilen öýkeniň agyr somatik keselinde we oňa şikes ýetmede, operasiýa mahalynda we ondan soň öýkeniň işini kadaly derejede saklamaga mümkinçillik berýär.

Hirurgiýa merkezi ýurdumyzda öýken keseli bolan näsaglara elektroimpedans operasiýasyny geçirmäge mümkinçilik berýän “Pulmo Vista 500” enjamy oturdylan ilkinji merkezdir. Bu tomogrfaf gije-gündiziň dowamynda öýkeniň öýjüklerindäki howanyň paýlanyş derejesine gözegçilik edýär.

Şeýle hem ýöriteleşdirilen enjamlaryň hatarynda ýürek işiniň dürli derejesinde bozulmalary bilen kesellän näsaglara gyssagly kömek bermäge niýetlenen “TEС -5631” kardiodefibrilliator bar. Güýçli täsiri bolan derman serişdelerini anyk möçberde içki damara uzak wagtlap goýbermek üçin “Injeсtomat MС Agilia” we “Volumat MС Agilia” perfuzomatlary ulanylýar.

“Hiсo- Variotherm 550” enjamy gipo-gipertermiýa geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi termeregulýasiýa ýagdaýy bozulan näsaglar üçin has-da möhümdir. “Raspid Piont 500 system” gaz analizatory ganyň gemoglobin, bilirubin, glýukoza, elektrolit laktad we СO 2- oksimetrin ýaly gaz düzümlerini gyssagly aýyrmaga niýetlenendir.

Annestezologiýa gullugy üçin häzirki döwürde dünýäde bar bolan “Dräger” kompaniýasynyň iň täze we netijeli “Fablus Plus ХL”, “Primus IE”, “Pereperseus A 500” enjamlary niýetlenendir. Anestetik gazlary goýbermek üçin ulanylýan Izoflurant we Sewoflurant enjamlary öýkenlere emeli şemal bermegiň dürli usullaryny üpjün edýär.

Hirurgiýa bölüminde näsaglar aşgazan-içege, bagyr we beýleki ugurlarda bar bolan hirurg keseller boýunça bejergi alarlar.

Şeýle hem bu ýerde Ýaponiýanyň kiçi operasiýalary geçirmäge täze ýokary tehnologiýalary mümkinçilikleri döredýän döwrebap toplum bar.

Açylan täze saglyk merkezinde bogunlary çalşyrmak boýunça operasiýalary geçirmek üçin şertler döredildi. Munuň özi gysga möhletlerde bogunlarda patologik üýtgemeler bolan näsaglaryň doly dikelmegine mümkinçilik berýär. Häzirki zaman ortapediýasynyň kiçi hirurgiýa operasiýasynyň möhüm bölegidigini bellemeli. Ortapediaýa ulgamynda artotroskopiýa esasy orun eýeleýär. Bu usul dyz, uýluk, egin, tirsek, topuk bogunlaryna iň pes derejeli şikes ýetirýän operasiýa hasaplanylýar.

Ortopediýa bölüminde Germaniýanyň önümleri bolan “Karl stors” artroskopiýa enjamlary bolup, olary ýokary derejeli we tehnologiýaly hyzmatlary ýola goýýar. Munuň kömegi arkaly ýurdumyzda egin, topuk hem-de uýluk bogunlarynda artroskopiýa we kentlewük öýjüklerini dikeltmek boýunça operasiýalar geçiriler.

Bu bölümiň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda sport we estetik ortapediýasy, bogunlary bejermek, endoprotizirlemek, daýanç-hereket ulgamyndaky şikes zerarly galan keselleri bejermek işleri alnyp barylýar.

Endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň düzüminde urologiýa bölümi hem bar. Ol agyr hirurgiýa keseli bolan näsaglaryň tapgyrlaýyn esasda bejerilmegine täze oňyn çemeleşmelerden ybaratdyr.

Şeýle hem plastiki hirurgiýa bölümi ýokary derejede enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde doga we şikes alma, operasiýadan soňky, şeýle hem ýaşyň gitmegi bilen deride döreýän üýtgeşmeleri, şikesleri, dürli ýerlerdäki ýag ýygnanmalaryny hem-de saçyň ösüşindäki bozulmalary düzetmek işleri alnyp barlar.

Liposaksiýa bölümi lukmançylyk ulgamyndaky öňdebaryjy önüm öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. “Asсlepion Laser Tehnologies” täzeçil enjamy ýurdumyzda ilkinji gezek lazer şöhlesi arkaly deriniň ýigdelmegine kömek edýär.

Liposaksiýa üçin täzeçil gurnama bolan Germaniýanyň “Used body jet Evon Liposuсtion” enjamynyň kömegi bilen operasiýadan soňky döwrüdäki birnäçe çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almakda ýokary netijele gazanmaga mümkinçilik berýär.

Torakal hirurgiýa bölümi 30 näsaga niýetlenendir. Kiçi we açyk operasiýa sullaryny ulanmak bilen dem alyş hem-de agyz boşlugyndaky keselleri anyklamak we bejermek onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bölümde Ýaponiýanyň “Olympus Evis Eхera Lii” wideo terakoskopik gurnamasy iň häzirkizaman tehnologik ulgamy birleşdirýär we häzirki döwre çenli mümkin bolmadyk operasiýalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi bilen tanyşlygy tamamlap, Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň