Türkmenistanyň Prezidenti Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

04:0102.09.2017
0
954
Türkmenistanyň Prezidenti Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebiniň -- Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň baş binasyndan çykyp, inžener ulgamlary we desgalary ýerleşýän beýleki bina tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz inžener ulgamlary we desgalary fakultetinde 3 hünär: ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw serişdelerini goramak, elektroüpjünçilik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin şertler bilen tanyşdy.

Okuw otaglary ýokary okuw ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyryldy, şol sanda döwrebap elektron serişdeleri bilen üpjün edildi.

Täze ýokary okuw mekdebiniň tejribehanalary GUNT, “Lucas Nuelle” firmalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Olaryň kömegi bilen talyplar dürli abzallaryň işini öwrenerler. Elektron shemalary ýygnamak we sazlamak üçin mümkinçilikler iş ýüzünde awtomatizasiýa serişdelerini döretmegiň tapgyrlaryny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.

Ýokary okuw mekdebiniň toplumynda jemi 44 sany tejribehana bolup, olaryň arasynda elektronika, tehnologiki işleriň awtomatlaşdyrylan taslamalaşdyrma ulgamlary, gurluşyk materiallary we önümleri, ösümlikleriň biohimiýasy, elektrik, suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş, ýylylyk we gaz üpjünçiligi hem-de beýleki tejribehanalary görkezmek bolar. Täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz amaly geodeziýa we köprüler tejribehanasyna barýar.

Tejribehanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Leica” kompaniýasynyň optiki niwelirleri iş ýüzünde görkezildi. Olar 
ýer üstündäki nokatlaryň beýiklik tapawutlaryny millimetrik takyklykda ölçemäge mümkinçilik berýär. Niwelirler ýer üstüniň relýefini karta geçirmekde, awtomobil we demir ýollarynyň, köprüleriň, köprügeçelgeleriň, tonnelleriň, aerodromlaryň-ae-roportlaryň, jaýlaryň, gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda taslama beýikliklerini ýerinde geçir¬mekde giňden ulanylýar.

“Disto” lazerli uzaklyk ölçeýji 200 metre çenli uzaklygy 1 mm takyklyk bilen ölçemäge mümkinçilik berýän abzaldyr. Onuň içine oturdylan programmalar gurluşyk meýdançalarynda, jaýlarda çyzyklaryň uzynlyklaryny, jaýyň içiniň meýdanyny, göwrümini kesgitlemäge, dürli uzaklykdan jaýlaryň diwarlarynyň inini, boýuny ölçemäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem önümçiligi awtomatlaşdyrmak tejribehanasyna baryp gördi. Okuw otaglaryndan we tehnologiki tejribehanalaryndan başga-da, ajaýyp kitaphana ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň ygtyýaryndadyr. Kitaphana ýörite gurlan iki gatly binada ýerleşýär.

Täze binalar toplumynda medeni-döredijilik işleri, aýdym-saz, tans, çeper döredijilik bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilendir. Mysal üçin, toplumyň ýakynynda gurlan bina mejlisleri, konsertleri, belli adamlar bilen duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenendir. Onda 600 we 100 orunlyk sergi zallary, 25 orunlyk WIP zal bolup, olar tehniki taýdan iň çylşyrymly çäreleri, şol san¬da ylmy we ýokary okuw mekdepleriň bilelikdäki maslahatlaryny geçirmek, kino tomaşa etmek, teatr we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny guramak üçin iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir.
Täze ýokary okuw mekdebiniiň binalar toplumynda ajaýyp sport toplumy gurlupdyr. Bu şäherçede talyplar, ýaş hünärmenler we mugallymlar üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary üçin hem giň ýer çägi bölünip berlipdir.

Umumy ýaşaýyş jaý 87 sany ýaşaýyş bölümçelerine bölünip, olaryň hersi 2, 4 we 5 adama niýetlenendir. Her gatda aşhana, myhman otagy, eşik ütüklenilýän otaglar we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlykdan soň, täze ýokary okuw mekdebiniň kiçi zalyna bardy we şu günki şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň