“Buigiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna birnäçe täze taslamany hödürledi

23:5801.09.2017
0
10490

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” fransuz kompaniýasynyň prezidenti—baş direktory Marten Buigi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli pudaklarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda işleýän esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Buig” bilen ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan işjeň hyzmatdaşlygyň köpýyllyk netijeli häsiýete eýedigini belledi. Bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Aşgabatda gurlan döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň binalaryny görkezmek bolar. Şu gün bu sanawyň üsti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakulteti bilen ýetirildi. Ol ýokary halkara ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna we hünärmenlerine uniwersitet şäherçesiniň binalar toplumyny gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça şertnamany durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, fransuz kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy. “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Marten Buig geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatda täze teklipleri beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze taslamalaryň birnäçesini hödürledi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň