Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlary we bilim ulgamynyň işgärlerini Bilimler güni bilen gutlady

10:3301.09.2017
0
14285

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda giňden bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2017-2018-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar Watanymyz giň möçberli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent sepgitlere barýar, bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostlugyň baýramçylygyna öwrüljek Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açyljak güni barha golaýlaýar. Nesip bolsa, biz bu Oýunlary ýokary derejede geçireris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygynyň toýuny we halkara derejesi berlen Bitaraplyk gününi hem ýokary ruhubelentlik, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylarys.

Biziň parahatçylyga, döredijilige we ösüşe gönükdirilen syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli işlerimiz, amala aşyrýan düýpli özgertmelerimiz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmekden, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz muny döwlet syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde kesgitledik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli taslamalar halkymyzyň, ýurdumyzyň we tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilendir.

Bilim jemgyýetiň öňe gitmeginiň, döwletiň ösmeginiň berk binýadydyr. Şoňa laýyklykda, bedew batly ajaýyp zamanamyzda berkarar döwletimiz ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, bilim babatda hem sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaiyň birini eýeleýär. Döwlet syýasatynda bilim ulgamyny barha kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Täze döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurulýar, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Mekdep okuwçylary, talyplar, mugallymlar okuw-tehniki enjamlar, okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen doly üpjün edilýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygary baýdak edinip, geljegimiz bolan ýaşlaryň islän hünärleri boýunça bilim almaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, olara kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artyar. Ata Watanymyz, merdana halkymyz üçin taryhy wakalaryň, uly üstünlikleriň ýyly bolan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hem paýtagtymyzda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň döredilmegi, Magtymguly adyndaky Turkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň täze binalar toplumynyň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň onlarçasynyň gurlup, ulanmaga berilmegi bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimiziň netijeli häsiýete eye bolýandygyna, bu ugurda mümkinçilikleriň yzygiderli giňelýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Siz ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleri. Siziň eşretli durmuşda ýaşamagyňyz, sagdyn ösmegiňiz, oňat okamagyňyz, il-ýurdumyza abraý getirjek ökde hünärmenler bolup ýetişmegiňiz üçin, döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Şoňa görä-de, Watana, halka wepaly, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerýän, ylym-bilime teşne, ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär. Dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edýän zehinli ýaşlarymyza biz guwanýarys!

Siz Watany söýmek, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleriňiz we tutanýerliligiňiz bilen, bilim-ylym dünýäsine has-da çuňdan aralaşmalysyňyz we täze belentliklere ýetmelisiňiz! Okamak, öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny hem-de mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar döwletimiziň dünýä bileleşigine ynamly goşulmagyna, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam bermekde, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji, ussat hünärmenleri taýýarlamakda, agzybirligi, jebisligi berkitmekde mugallymlaryň we bilim işgärleriniň aýratyn orny bardyr.

Bilimiň mazmunyny we usulyýetini kämilleşdirmek giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Bilim işinde umumadamzat gymmatlyklary, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi göz öňünde tutulmalydyr. Bu tejribe halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen sazlaşykly bolmalydyr. Siziň bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdigiňize, bilim ulgamynyň işini döwrebap ösdürjekdigiňize, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn!

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, okuwda we işde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň