Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

09:4701.09.2017
0
6596

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2017-nji ýylyň 8 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, kabul edilen Prezident maksatnamalarynyň we beýleki durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Gün tertibine Söwda -senagat edarasynyň işiniň käbir meseleleri we möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary hem girizildi.

Hormaly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, şu ýylyň sekiz aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň jemleri hakynda hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 
B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe makroykdysady görkezijiler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşi tassyklaýar. Şeýlelikde, jemi içerki önüm 6,4 göterim ýokarlandy, şol sanda senagatda bu görkeziji 3,8 göterimden gowrak, gurluşykda 3,1 göterim, ulag--aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterim, söwda ulgamynda 9,2 göterim, oba hojalygynda 4,6 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10 göterim artdy.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde öndürilen önümiň ösüş depgini 5,4 göterimden gowrak boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde bölek-haryt dolanyşygynyň möçberi 17,6 göterim artdy.

2017-nji ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 12,1 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 11,9 milliard manada deň boldy. Aýlyk iş haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalary we talyp haklary doly möçberde tölendi. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ortaça aýlyk iş haky 9 göterim ýokarlandy.

Ähli welaýatlarda iri önümçilik we durmuş medeni maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat bermek bilen, wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 34,3 milliard manada ýetendigini habar berdi.

Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini amala aşyrmagyň çäklerinde, ýanwar-awgust aýlarynda deslapky maglumatlara görä, tutuş ýurdumyz boýunça durmuş maksatly desgalaryň 4-siniň gurluşygy tamamlandy, inženerçilik ulgamlarynyň 415,7 kilometri hem-de kommunikasiýa ulgamlarynyň 2304,4 kilometri çekildi, ýaşaýyş jaýlarynyň 763,1 müň inedördül metri ulanmaga berildi. Häzirki wagtda durmuş maksatly desgalaryň 64-sinde, suw arassalaýjy we beýleki düzüm desgalarynyň 30-synda işler dowam edýär. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň 366,1 müň inedördül metrden gowragy gurulýar. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 1330,3 million manada deň boldy.

Soňra hökümet Baştutanynyň orunbasary saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden özüni boşatmagy haýyş edip, hormatly Prezidentimize ýüzlendi.

Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowyň haýyşyny kanagatlandyryp, degişli resminama gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe- ykdysady toplumyň edaralarynyň işine gözegçilik edýän orunbasarynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi wise-premýer O.Gurbannazarowyň üstüne ýükledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat döwründe ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 100,6 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 100 göterim, benziniň öndürilişi 103,3 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 102,7 göterim, polipropileniň öndürilişi 104,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 107,2 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 113 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 107,5 göterime, daşary ýurtlara tebigy gazyň iberilişiniň ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy bellenildi, Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde TOPH gurluşygy bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň işleriniň netijelerine nägilelik bildirip, gözegçilik edýän pudaklaryndaky ýagdaýlary düýpli seljermegi hem-de örän gysga möhletlerde nebitgaz senagatynyň işini mundan beýläk kämilleşdirmek boýunça çäreleriň anyk meýilnamasyny taýýarlamagy talap etdi. Maksatnama ylmy esasda, döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmalydyr diýip milli Liderimiz aýtdy hem-de bu baradaky meselä 9 aýyň netijeleri jemlenilende garaljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem nebitgaz pudagynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, innowasion tehnologiýalary hem-de iň täze tehniki işläp taýýarlamalary işe ornaşdyrmaga, bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini belläp, bu taslamanyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu ýylyň sekiz aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat bermek bilen, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 101,2 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Şunda Oba we suw hojalygy ministrligi boýunça bu görkeziji 110,4 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 107,2 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 106,3 göterime deň boldy. Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça meýilnama 100,5 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmek 168,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada habar berildi. Häzir ähli welaýatlarda agrotehniki kadalara laýyklykda güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, 30-njy awgustda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary pagta ýygymyna girişdiler, Daşoguz welaýatynda bolsa möwsüme 6-njy sentýabrda badalga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy babatda düýpli bellikleri aýtdy. Milli Liderimiz döwletimiziň oba hojalygyna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, mineral dökünler, suw, döwrebap tehnikalar, tohum we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri işjeňleşdirmegi talap edip, wise-premýere obada bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek, obasenagat toplumyny ylmy esasda ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem pagta ýygymy möwsümini hem-de güýzlük däne ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek boýunça zerur guramaçylyk çärelerini görmek babatda görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamalara, döwlet standartyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada habar aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berlşi ýaly, Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 108,9 göterim berjaý edildi.

Dokma senagaty ministrigi boýunça sekiz aýda önüm öndürilişiniň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça ýanwar-awgust aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça geçen sekiz aýda önüm öndürmek boýunça meýilnama 101,3 göterim berjaý edildi.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberi 5 million 880 müň manada barabar bolup, meýilnama 100,8 göterim berjaý edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň senagat ulgamyna girýän edara-kärhanalaryň işlerini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada aýdyp, bu pudaklary ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmaga mümkinçilik berjek has netijeli tehnologiýalary we innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan ösüş depginlerini peseltmeli däldigine, giň görnüşli ýokary hilli önümleri öndürmegiň möçberini artdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwatyny giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamalara, döwlet standartyna üýtgetmeler girizmek baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 283 million 259 müň 200 manada deň bolup, meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 137 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,5 göterime deň boldy we 102,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 109,8 göterime deň boldy we ösüş depgini 101,5 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe jemi 16 milliard 369 million 9 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi. Şeýlelikde, elektrik energiýa önümçiliginde ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy. Eksportuň ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy.

2017-nji ýylyň başyndan bäri Jemagat hojalygy ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmek hem-de hyzmatlar boýunça meýilnama 109,1 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 111,6 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 103,2 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 101,8 göterim derejede üpjün edildi.

Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de ösen şäher düzümini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de türkmen paýtagtynyň keşbini has-da gözelleşdirmek, aşgabatlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip geçdi.

Döwlet Baştutanymyz şäheri bezemek boýunça baýramçylyk möwsüminde onuň arassalygyna hem-de bagy-bossanlyga bürenmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Bezeglerden başga-da, ähli şäher ulgamlarynyň we gulluklarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, myhmansöýerligiň hem-de göwnaçyklygyň iň oňaýly ýagdaýyny döretmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde gurluşygy dowam edýän ähli desgalaryň bellenen möhletde hem-de ýokary hil derejesinde gurlup, ulanmaga berilmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyna ünsi çekip, wise-premýere we şäher häkimine bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi pugta ýola goýmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli baýramçylyklara hem-de medeni - durmuş maksatly binalaryň açylyşyna bagyşlanyp geçirilen dürli çäreler barada hasabat berdi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda yglan edilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň çäklerinde guralýan çäreler dowam edýär.

Daşary ýurtlarda milli medeniýeti we sungaty wagyz etmäge hem-de türkmen halkyny dostlukly ýurtlaryň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli çäreleriň birnäçesi geçirildi. Kinofilmleriň görkezilişi, şekillendiriş sungatynyň sergileri hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet işgärleriniň çykyşlary guraldy.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri dürli çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular.

Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça ýanwar-awgust aýlarynda haryt öndürmegiň möçberi 94 million 947 müň manada deň bolup, meýilnama 136,4 göterim ýerine ýetirildi. Kitap önümleriniň 294 görnüşi çap edildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan girdeji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 8 göterim köpdür.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata ýetirmek, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň dürli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere döredijilik taýdan baha bermegiň, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen dostlukly hem-de özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ösdürmekde ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny, milli medeniýeti we sungaty ösdürmäge, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmäge ýardam edýän halkara çäreleri geçirmegiň ähmiýetini belläp, V Aziýa oýunlary hem-de beýleki baýramçylyk seneleri mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzda her ýyl 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe taýýarlyk boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Bu baýramçylyga gabatlanylyp, täze desgalaryň birnäçesi, hususan-da, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himiýa fakulteti, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi, Aşgabat şäherinde üç sany 600 orunlyk, 2 sany 720 orunlyk, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 500 orunlyk orta mekdepler dabaraly ýagdaýda açylar.

Neşir edilmegi meýilleşdirilen 200 görnüşli okuw kitaplaryndan we okuw gollanmalaryndan hasabat döwründe 143 görnüşi neşir edildi.

Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamyndaky görkezijiler barada hasabat berip, Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň 106 göterim, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan 110 göterim, derman önümçiliginde 102 göterim ösüş gazanylandygyny belledi.

Wise-premýer şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda jemi 160 içerki ýaryş we 90 köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ulgamynyň pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, şu ulgamlarda işleriň ýagdaýyny hem-de ýurdumyzyň bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milletiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça wezipeleriň çözülişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe, ýagny 1828-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň ähli okuwçylaryny, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny okuw meýilnamasyndan daşary rugsada goýbermek baradaky Buýruga gol çekýändgini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu döwürde Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde okuwçylaryň hem-de talyplaryň dynç almaklaryny, muzeýlere we taryhy ýerlere baryp görmeklerini guramagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz okaýan ähli türgenlerimizi bolsa, V Aziýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmekleri üçin, bir aýlap okuwdan boşatmagy tabşyryp, ýaşlarymyzyň V Aziýa oýunlaryna sportuň her bir görnüşi boýunça janköýerler ýa-da muşdaklar bolup hem gatnaşyp biljekdigini belledi we degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe edilen hyzmatlar boýunça meýilnama 102 göterim ýerine ýetirilip, şunda ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.

Demil ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak babatda ösüş depgini degişlilikde 108 göterime we 100,1 göterime deň boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 2017-nji ýylyň sekiz aýynda ýük daşamak babatda 106 göterim, ýolagçy gatnatmakda 102 göterim üpjün edildi.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça ýanwar-awgust aýlarynda awia hyzmatlary etmek boýunça ösüş depgini 128 göterime deň boldy. Ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda bu görkeziji degişlilikde 126 göterime we 101 göterime barabar boldy.

Geçen döwürde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 104 göterime deň boldy. Ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 137 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günüň talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, ulag pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, wagonlary täzelemek we üstüni ýetirmek boýunça goşmaça tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we amala aşyrylmagyny üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere nägilelik bildirdi hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň işleriniň takyk meýilnamasyny berjaý etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde oňyn hyzmatdaşlyk ugruna gyşarnyksyz eýerýär. Ýylyň başyndan bäri milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçesiniň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Umuman, 2017-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 279 sany dürli derejedäki wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli derejeli maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 157-si guraldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek yzygiderli häsiýete eýe boldy. Hasabat döwründe bu ugurda 27 duşuşyk guraldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 145 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlarynyň birnäçe mejlisi hem-de ikitaraplaýyn işewürler forumlarynyň birnäçesi geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, wise-premýer, daşary işler ministri “Aşgabat 2017” oýunlaryna hem-de oňa gabatlanylyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meseleleri boýunça hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan degişli toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada durup geçip, häzirki döwrüň ýagdaýyny we geljegini nazara almak bilen, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk hem milli we tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine hem-de ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän dostluk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirjekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary, şol sanda ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli ilerletmäge we iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, ýurdumyz üçin taryhy ähmiýete eýe bolan bu giň möçberli sport forumynyň hem-de oňa gabatlanylyp geçiriljek ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki dabaralarda halkymyzyň baý medeni däpleriniň hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen özboluşly dessurlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Munuň özi Aziadanyň çäklerinde geçiriljek çärelere milli öwüşgin çaýar hem-de olary ýatdan çykmajak waka öwrer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we degişli meseleleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň sekiz aýynda milli parlamentiň alyp baran işleri hem-de Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Häzirki wagtda şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri bu işe jogapkär düzümleriň hemmesi bilen ylalaşykly çözülýär.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän döwrebap hukuk binýadynyň döredilmeginiň ýurdumyzda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak Ýaşulularyň maslahaty barada durup geçmek bilen, umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda söwda toplumynyň hem-de ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň esasy pudaklary boýunça görkezijileri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygy 3 milliard 16,9 million manada, şol sanda bölek-haryt dolanyşygy 1 milliard 153,2 million manada deň bolup 13,3 göterim ösüş gazanyldy. Öndürilen önümleriň möçberi 181,4 million manada deň bolup 2,6 göterim artdy.

Haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar-awgust aýlarynda birža söwdalarynyň 162-si geçirilip, şolarda 10 müň 657 sany şertnama hasaba alyndy.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan 12,7 million manatlyk hyzmatlar ýerine ýetirilip, meýilnama 132,8 göterim berjaý edildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda 525 million manatlyk senagat önümleri öndürilip, 35,8 göterim, 730 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, 34,9 göterim ösüş gazanyldy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň pul görnüşindäki möçberi 3 milliard 963, 5 million manada deň boldy. Söwda dolanyşygy 7 milliard 729 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,1 göterim artdy. Hyzmatlar ulgamynda 658,6 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, onuň möçberi 11,4 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere “Aşgabat-2017” Oýunlaryna gatnaşyjylaryň iýmitini hem-de Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryndaky söwda hyzmatlarynyň guralyşyna gözegçilik edilişini güýçlendirmegi tabşyrdy hem-de Aziadanyň üstünlikli geçirilmeginiň hyzmat ediş ulgamynyň toparynyň hem hünär ussatlygyna baglydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz azyk howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyryp, milli aşhananyň hem-de halkara däpleriniň arasyndaky sazlaşygy saklamagyň, hünärmenleriň tagamnamalaryna bildirilýän hökmany talaplaryň ählisiniň doly berjaý edilmeginiň, şeýle hem hyzmat edýän işgärleriň ýokary hünär derejesinde taýýarlygynyň wajypdygyny belledi.

Söwda-senagat edarasynyň başlygy B.Gylyjow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermek, maýa goýumlaryny çekmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Söwda-senagat edarasynyň işiniň talaba laýyk gelmeýändigini belläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen esasy wezipelere ünsi çekdi. Bu edara ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek, onuň dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyny gazanmak, häzirki zaman senagat, maliýe hem-de söwda üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek maksady bilen döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we telekeçilik işi üçin hem amatly şertleriň döredilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Telekeçiligiň ähli görnüşlerini ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, ýurdumyzyň telekeçileriniň daşary ýurt telekeçileri bilen söwda-ykdysady hem-de ylmy-tehniki gatnaşygyny giňeltmäge hemaýat etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Öz Tertipnamasyna laýyklykda, Söwda-senagat edarasy biziň guramalarymyza we hususy telekeçilerimize alyp barýan işlerinde kömek bermelidir. Hojalyk işini amala aşyrmak, şol sanda daşary ýurtlarda amala aşyrmak bilen bagly meselelerde olara wekilçilik etmelidir hem-de olaryň bähbitlerini goramalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň daşary ýurtlara eksportyny ösdürmäge ýardam bermegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, daşarky bazarlarda işleri amala aşyrmakda hem-de söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini özleşdirmekde ýurdumyzyň guramalaryna we hususy telekeçilerine iş ýüzünde hemaýat bermegiň wajypdygyny belledi. 

Milli Liderimiz wise-premýer O.Gurbannazarowa, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy B.Gylyjowa ýüzlenip, öz harytlarymyzyň halkara sergilerini diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, beýleki döwletlerde hem ýygy-ýygydan guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn halkara ykdysady toparlarynyň beýleki döwletlerde mejlisleri geçirilýän döwürde şol ýurtlarda öz harytlarymyzyň, aýratyn-da, telekeçilerimiziň öndüren harytlarynyň sergilerini guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Eger şeýle çäreler guralsa, munuň özi biziň döwletimiziň ykdysady mümkinçiliklerini aýdyň görkezerdi, şertnamalaryň baglaşylmagyna ýardam bererdi. Bu bolsa, umuman alnanda, geçirilýän islendik serginiň esasy maksady bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şonuň ýaly-da, Söwda-senagat edarasy daşary ýurt firmalarynyň we guramalarynyň täjirçilik işini amala aşyrmagy üçin zerur bolan hyzmatlary hem üpjün etmelidir, beýleki döwletleriň Söwda-senagat edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmalydyr hem-de ösdürmelidir. Olar bilen ylalaşyklary baglaşyp, ykdysady we söwda çärelerini guramalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem daşary ýurtlaryň işewürler we jemgyýetçilik toparlarynyň, olara wekilçilik edýän guramalaryň wekiliýetlerini alyşmagyň zerurdygyny aýdyp, dürli halkara guramalarynyň işine hem gatnaşmagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda we beýleki döwletlerde ýuridik şahslaryň hukuklaryna eýe bolan kärhanalary, birleşikleri hem-de guramalary döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da, Söwda-senagat edarasynyň welaýat we garyşyk edaralaryny, bilelikdäki kärhanalary, söwda öýlerini, paýdarlar jemgyýetlerini hem-de beýleki kärhanalary döretmäge gatnaşmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Gylyjowyň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň döwlete degişli gurama däldigini belläp, edaranyň döwletimiziň hasabyna gurlan binasyny talaba laýyk ulanmagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy B.Gylyjowa käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer O.Gurbannazarowa ýakyn wagtda Söwda-senagat edarasynyň agzalary bilen ýygnak geçirmegi we bu edaranyň öňünde durýan wezipeleri hem-de olary amala aşyrmagyň ýollaryny ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisini ýetip gelen Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň mähriban halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň