Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň özgerdilişini çaltlandyrmagy talap etdi

02:0501.09.2017
0
4591

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini işjeňleşdirmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýewe ýurdumyzyň oba senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna degişli birnäçe düýpli kemçilikleri aýtdy.

Döwletimiz oba hojalygyna hemme taraplaýyn goldaw berip, mineral dökünler, ekin üçin suw, döwrebap tehnikalar, tohumlar we beýleki serişdeler bilen doly möçberde üpjün edýär, emma oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy pes bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýolbaşçylaryna obada bazar gatnaşyklarynyň kemala getirilmegine, oba senagat toplumyny ylmy esasda ösdürmäge, eksportyň artdyrylmagyna hem-de oba hojalyk önümleriniň importynyň azaldylmagyna degişli anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň