Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurulmagyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar

01:5101.09.2017
0
3325

Häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Hindistan-Pakistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bular barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Babaýew habar berdi.

Wise-premýer şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň