Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça wise-premýeri saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy

22:2831.08.2017
0
3493

Bäşimmyrat Hojamämmedow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen ykdysady topluma gözegçilik edýän wise-premýeriň wezipe-borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazmyrat Gurbannazarowyň üstüne ýüklenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň