Soňky habarlar

Arhiw

V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar

22:0531.08.2017
0
18736

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar. Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe – 2017-nji ýylyň 18-28-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylaryny, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny okuw meýilnamasyndan daşary rugsada goýbermek bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň