Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy

08:5031.08.2017
0
4218

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi boldy. Duşuşyga iki dostlukly ýurduň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygy açmak bilen, topara başlyklyk edijiler döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler we Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.

Söwda-ykdysady pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezip, duşuşyga gatnaşyjylar häzirki döwrüň hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin täze çemeleşmeleri öňe sürýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi. Häzirki döwürde haryt dolanyşygyny, şol sanda ugradylýan nebit önümleriniň, dokma we beýleki harytlaryň, hususyýetçileriň önümleriniň möçberlerini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Toparyň agzalary ikitaraplaýyn ugradylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmagyň zerurdygy barada aýtdylar.

Ulag pudagy türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Günorta Kawkaz Hazar-Gara deňiz ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm bölegi bolmak bilen, onuň netijeli peýdalanylmagy sebitiň ýurtlarynyň Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň döwletleri bilen goşulyşmagyny üpjün eder. Bu babatda taraplaryň gyzyklanmalarynyň umumydygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Gruziýanyň bu meseleler babarda hyzmatdaşlar bolup durýandyklaryny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe geçelgesiniň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alşmalaryň çäklerinde Toparyň agzalary energetika pudagyndaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň oýlanyşykly we energiýa göterijileri dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly binýadyny döretmäge gönükdirilen oýlanyşykly energetika syýasatynyň wajypdygyny belläp, Gruziýanyň wekiliýetiniň agzalary diňe bir iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän däl, eýsem tutuş Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygynyň binýadynyň döredilmegine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan meýillerini mälim etdiler.

Ynsanperwer gatnaşyklaryny, şol sanda ylym we bilim ugurdaky hyzmatdaşlygy berkitmek döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezip, Toparyň agzalary medeni alyşmalaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, türkmen we gruzin halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar we ol häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, özara Medeniýet günlerini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, sport we syýahatçylyk pudaklaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň