Soňky habarlar

Arhiw

Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde boldy we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi

08:4331.08.2017
0
7166

Ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Türkmenistanyň Mejlisine bardy. Bu ýerde myhmanyň milli parlamentiň Başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşygy boldy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Mejlisiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Soňra Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralamak üçin Gypjaga ugrady. Şol ýerde myhman Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň aramgähine gül dessesini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň ruhy metjidine aýlanyp gördi.

Günüň ikinji ýarymynda Gruziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzdaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Myhman Aşgabatda bina edilen iri sport toplumyny synlap, onuň göwrümine, oýlanyşykly hem-de özboluşly binagärlik çözgüdine, bezeg aýratynlyklaryna, desgalaryň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşyna, döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berip, bu desgalaryň häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigini nygtady.

Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde myhmana dünýäde şöhrat gazanan we türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň gözelligini synlamaga mümkinçilik döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň