Soňky habarlar

Arhiw

Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň Premýer-ministri türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar

23:5830.08.2017
0
3105

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwiliniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, hil taýdan täze derejä çykmak üçin ygtybarly binýady emele getiren türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildiriýän pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, maýa goýum işjeňliginiň, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň höweslendirilmegine, dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işiniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Hyzmatdaşlygyň bar bolan dürli mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler bu toparyň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky üçünji mejlisiniň gün tertibine girizildi. Oňa gatnaşmak üçin Gruziýanyň wekilçilikli topary paýtagtymyza geldi.

Energetika we ulag pudaklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan halkara ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi babatdaky başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy bellenildi.

Iki döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň gyzyklanmalarynyň umumylygy Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatlyklaryny herekete girizmek bilen ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga amatly şertleri döredýär. Bu bolsa sebitara goşulyşmak hem-de dünýä bazarlaryna çykmak, tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin täze giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz hem-de myhman däp bolan medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda ylym-bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki çäreleri geçirmegiň hem-de bu ugurda tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler. Pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň premýer-ministri milli Liderimizi Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, şeýle giň möçberli çäreler sebit möçberinde çäklenmeýär. Ol ählumumy ölçegde döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak gatnaşyklarynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegini şertlendirýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Giorgi Kwirikaşwili özara bähbitli türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň