Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi

07:3330.08.2017
0
6809

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda howpsuzlygy hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundun beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabatynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda ýylyň başyndan bäri geçirilen çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe asudalygy we howpsuzlygy ýokary derejede üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň sekiz aýynda kanun bozmalaryň öňüni almak, ýollarda tertip-düzgüni, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri, şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçiren çäreleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň işgärleriniň öňünde has amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny döretmek, tertip-düzgüniň berjaý edilişine hemişe gözegçiligi üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, içeri işler ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýanwar-awgust aýlarynda amala aşyrylan işler we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Serhetde durnuklylygy we düzgün-tertibi saklamak diňe oňat tälim alan serhet bölümleriniň ýolbaşçy düzümi bolan ýagdaýynda üpjün edilip bilner diýip, milli Liderimiz belledi. Serhet goşunlarynda gullugyň ýörite bilimleriň we başarnyklaryň bolmagyny talap edýändigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew garalýan döwürde milli kazyýet ulgamynda özgertmeler bilen baglylykda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bu edaranyň işgärleri öz işinde hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we iş başarjaň, ýokary hünärli işgärleri seçip almaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy. 

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralarynda ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň bu edaranyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň kanunlarynyň takyk we doly berjaý edilişine berk prokuror gözegçiligini amala aşyrmagy talap etdi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow MHM tarapyndan hasabat döwründe ýurdumyzda durmuş abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki iri sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek we olary üstünlikli geçirmek babatdaky işleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri syýasy we hukuk nukdaýnazaryndan degişli taýýarlyk derejesine eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zaman ylymlaryndan we tehnologiýalaryndan baş alyp çykmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, institutlaryň işine nägilelik bildirdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri hemmetaraplaýyn taýýarlamak üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň hem-de bu ugurda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň talaba laýyk barlanmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler hem-de gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri barada hasabat berdi.

Dünýä bileleşiginiň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagy, ýurdumyza gelip gowuşýan harytlaryň hem-de üstaşyr ýükleriň möçberleriniň artmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli ykdysady özgertmeler bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gullugyň işgärleriniň jogapkärçiliginiň ýokarlanýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça berlen tabşyryklaryň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ýükleriň has içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow sekiz aýyň dowamynda döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu edaranyň sazlaşykly işiniň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge hem-de dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artmagyna ýardam edýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, Belent Serkerdebaşymyz migrasiýa gullugynyň işgärleriniň özleriniň gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmek bilen, ýokary hünär ussatlygyny görkezmelidigini we işe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, öňümizdäki V Aziýa oýunlarynyň myhmanlaryna degişli resminamalary resmileşdirmekde göwnejaý hyzmat etmegiň wajypdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ýolbaşçysy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň döredilen wagtyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça degişli maksatnamany amala aşyrmagyň barşy hasabatyň esasyny düzdi. Döwlet edaralarynyň we ýurdumyzyň kompaniýalarynyň işiniň arassalygyny ýokarlandyrmak şol maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreşiň aýry-aýry ýagdaýlary ýüze çykarmak bilen çäklenmeli däldigini, korrupsiýa garşy ulgamy kemala getirmegiň, şeýle hem bu ýaramaz ýagdaýy döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga aýratyn üns berilmelidir diýip belledi. Bu ugurdaky işleri milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra çykyş eden adalat ministri B.Muhammedow milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde şu ýylyň sekiz aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ilata hukuk kömegini bermegiň, şol sanda ýakynda güýje giren kanunlary düşündirmegiň möhümdigine ünsi çekip, yzygiderli guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde hukuk maslahatlaryny bermek işini dowam etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň netijelerini jemläp, ýakyn geljek üçin harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň