Soňky habarlar

Arhiw

Durmuş-ykdysady meseleleri we Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri wideoşekilli iş maslahatyna girizildi

23:3328.08.2017
0
3130

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, öňde boljak şanly senelere, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri girizildi.

Welaýatlaryň häkimleri häzirki döwürde sebitlerde alyn barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmäge görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem welaýatlaryň ilatynyň durmuş ulgamyny ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Bilimler we talyp ýaşlar gününi mynasyp derejede dabaralandyrmaga görülýän taýýarlyk işleri hem-de şanly seneler mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama, ony ýerine ýetirmegiň ugurlary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalygynda möhüm hasaplanylýan güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, ekişde ähli degişli tehnikalaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň we ekişiň depginlerini güýçlendirmegiň, gowaçalara ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmagyň möhümdigini aýratyn belledi we bu babatda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimlerden berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işlerine ünsi çekip, onuň ýokary derejede we bellenilen möhletlerde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmegini häkimlerden talap etdi. Ýygym möwsüminde işledilmegi meýilleşdirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň ähli görnüşleriniň ýokary derejede taýýarlanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, welaýatlaryň ilatlarynyň durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, gyşky ýyladyş möwsümine, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagyna, Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam etmek bilen, göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewi, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi we jemagat hojalygy ministri M.Abilowy çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häkim paýtagtymyzda “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk işleriniň barşy, dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Jemagat hojalygy ministri öz gezeginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilýän işlerde ýol berlen birnäçe kemçiliklere ünsi çekip, olaryň depginleriniň döwrüň talabyna hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň derejesine laýyk gelmeýändigini belledi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara öz üstüne ýüklenen borçlaryň ýerine ýetirilmegine has jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, jemagat hojalygy kärhanalarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri M.Abilowa duýduryş yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň netijelerini jemläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, halkymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda zerur şertleri üpjün etmek boýnça garalan meseleleriň möhümdigini ýene bir ýola belledi. Öňde boljak şanly senelere, hususan-da, Bilimler we talyp ýaşlar gününe, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda ýolbaşçylaryň her birine anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň