Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzyň ýer eýeleri 30-njy awgustda pagta ýygymyna girişerler

01:3626.08.2017
0
7213

Türkmenistanyň pagtaçylary şu ýylyň 30-njy awgustynda “ak altynyň” ýygymyna girişerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E.Orazgeldiýewe degişli tabşyryklary berdi.

Şol gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda bolsa bir hepde soň, 6-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişiler.

Hasyly kabul etmäge taýýarlaýyş nokatlarynyň 156-sy taýýar edildi, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 38-si bolsa çig maly pagta süýümine öwürmek üçin gaýtadan işlär.

2017-nji ýylda pagta öndürmegiň döwlet buýurmasy jemi 1 million 50 müň tonnadan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň