1-nji sentýabrda Aşgabatda täze mekdepler we ýokary okuw mekdebiniň binalary açylar

01:3426.08.2017
0
15794

Türkmenistan her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýarmçylyk çäreleriniň geçirilmegine taýýarlyk görýär.

Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guralar.

Ýola goýlan asylly däbe görä, gurluşygy tamamlanan birnäçe täze desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagy bu baýramçylyga gabatlanyldy. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň binalary bar.

Şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabat şäherinde 3 sany 600 orunlyk, 2 sany 720 orunlyk, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 500 orunlyk orta mekdepleri açylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň