Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady giňeldildi

21:5224.08.2017
0
4122

Şu gün dostlukly ýurduň paýtagtynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlaryny kesgitlän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere resmi sapar bilen geldi.

Milli Liderimiziň Ermenistan Respublikasyna şu sapary iki ýurduň däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy bar bolan kuwwata hem-de mümkinçiliklere laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýokary derejede geçirilen gepleşikler iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynda bolup geçýär. Çärýek asyryň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygy halklarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryna hem-de Türkmenistanyň we Ermenistanyň parahatçylyga hem-de döredijilige ymtylýandygyna esaslanyp netijeli ösdürildi.

Taraplar şu günki duşuşyklara aýratyn ähmiýet berip, bu waka döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr, umumy bähbitlere laýyklykda, giň möçberli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda netijeli ädim hökmünde garaýarlar. Dürli derejelerde geçirilýän duşuşyklar özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti, onuň anyk netijelere gönükdirilendigi tassyklanylýar.

...Irden milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Radisson Blu” myhmanhanasyndaky kabulhanadan ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilýän ýerine ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ermenistan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasynyň öňündäki merkezi meýdançada saklanýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Serž Sargsýan mähirli garşylaýar. 
Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi garşylamak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýörite niýetlenen ýere barýarlar. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi iki ýurduň Liderlerine dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan Ermenistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar we Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny kabul edýän tarapyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar. Öz nobatynda, milli Liderimiz kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra iki döwletiň Baştutanlary Hormat garawuly rotasynyň hem-de harby orkestriň dabaraly ýörişini kabul edýärler.

Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Liderleri kabulhana barýarlar. Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soň, Prezident Serž Sargsýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ojak” zalyna çagyrýar, şol ýerde ýokary derejede ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany Ýerewanda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, milli Liderimize Ermenistan Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygyny kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Prezident Serž Sargsýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu duşuşygyň iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakadygyny belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugruna ygrarlydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin ermeni kärdeşine minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyny ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýandygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy. Iki ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwaty hem-de halklaryň hoşmeýilli erk-islegi şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Liderleri türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryň strategiýasyny işläp taýýarlamaga çemeleşmelerini anyklaşdyrdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada aýdyp, häzirki döwürde olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin has oňaýly şertleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny nygtadylar. Şonuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň telekeçilik toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiliklere garaldy.

Söhbetdeşler şeýle hem ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary iki halkyň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam bermek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, munuň döwletara gatnaşyklaryny has-da baýlaşdyrmaga, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň binýadyny has-da berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan sebit hem-de halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler döwletleriň ikisiniň hem dünýäde howpsuz we durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge saldamly goşant goşýandygyny belläp, bu ugurda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyk etmegiň möhümdigini aýtdyar.

Ikiçäk gepleşikler tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri şu duşuşygyň netijeleriniň türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde täze döredijilikli tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Serž Sargsýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny ermeni topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, milli Liderimize Ermenistan Respublikasyna gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, özüniň ermeni kärdeşine mähirli kabul edendigi, bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, bu gezekki resmi sapar iki ýurduň arasyndaky dostlugy we ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, täze ugurlara çykmak maksatlaryna hyzmat edýär. Taraplaryň umumy pikirine görä, häzirki wagtda özara ynanyşmagyň hem-de düşünişmegiň derejesi Türkmenistana we Ermenistana geljek üçin gatnaşyklary ynamly guramaga, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan bu duşuşygyň ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny seljermek, geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçiligiň bolandygyny bellediler.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde iki döwletde hem häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmek gatnaşyklarynyň bardygy bellenildi. Türkmenistan we Ermenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny pugtalandyrmagyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we BMG-niň Tertipnamasyny berjaý etmegiň, dünýä möçberindäki işlerde deňhukuklylygy, birek-birege hormat goýmagy hem-de adalatlylygy berkarar etmegiň berk tarapdarlary bolup durýarlar.

Duşuşygyň dowamynda abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň gazanylandygy bellenildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň energiýa howpsuzlygy hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny belläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryny ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasyny goldandygy we awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

BMG-de özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge berk ygrarlydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň dürli abraýly düzümlerde energetika, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça yzygiderli hyzmatdaşlygy üçin uly kuwwatynyň bardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem dostlukly döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyna işjeňlik bilen gatnaşandygyny minnetdarlyk bilen belledi.

Gepleşikleriň dowamynda häzirki zamanyň wehimlerine hem-de howplaryna, hususan-da, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek işinde netijeli gatnaşyklara taýýardygy aýdyldy.

Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan munuň döwletara gatnaşyklary ulgamynda hem-de abraýly guramalaryň çäklerinde syýasy hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çalt we netijeli çözmäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynda, däp bolşy ýaly, aýratyn orun eýeleýän söwda-ykdysady gatnaşyklar barada durup geçip, taraplar bu ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze ugurlary kesgitlemekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparyna möhüm orun degişlidigi bellenildi. Energetika, ulag, dokma senagaty, maliýe-bank ulgamy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş ýaly ulgamlardaky gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem-de howa gatnawlary hakynda hökümetara Ylalaşygyna laýyklykda, Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawlaryny açmak we soňra üçünji ýurtlaryň ugry boýunça gatnawlaryň çägini giňeltmek baradaky mesele gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri boldy.

Işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi geljegi uly ugur hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, biziň telekeçilerimizde hyzmatdaşlygyň öňden gelýän ajaýyp däpleriniň bardygy nygtaldy. Şol däplerden has netijeli peýdalanmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň ikisine hem ýöriteleşdirilen sergileri, bilelikdäki işewürler maslahatlaryny yzygiderli geçirmek tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem taraplar Ýerewanda Türkmenistanyň Söwda öýüni we degişlilikde Aşgabatda Ermenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak barada aýtdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, biziň halklarymyzy öňden gelýän gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, irki Orta asyrlardan başlap, türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ysnyşykly häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýän köpsanly taryhy maglumatlaryň bardygyny bellediler. Bu gymmatly miras medeniýetde, ylym we bilim ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň bu ulgamdaky gatnaşyklary okgunly ösdürilip, biziň halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda özara Medeniýet günlerini geçirmek, iki ýurtda guralýan festiwallara, halkara maslahatlaryna we bäsleşiklerine gatnaşmak tejribesi ýola goýuldy.

Şeýle hem sport ulgamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge bolan gyzyklanmalar we iki ýurduň milli kino sungatynyň iň gowy eserlerini görkezmek däplerini dikeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy barada aýtmak bilen, taraplar talyplary alyşmak tejribesini guramagyň, iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan iki halkyň ruhy baýlygynyň, ýokary aň-bilim kuwwatynyň olaryň özara baýlaşmagy, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, bu asylly işleriň köp babatda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýändigini bellediler.

Ýerewana bolan şu sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny äşgär etdi, halkara durmuşynyň möhüm meselelerine biziň garaýşymyzyň ýakyndygyny, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine taraplaryň bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary aýtdylar.

Gepleşikleriň barşynda şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Serž Sargsýany bu oýunlaryň 17-nji sentýabrda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda, şu günki geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň özara peýdaly türkmen-ermeni gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Ermenistan Respublikasynyň Merkezi bankynyň Maliýe gözegçiligi merkeziniň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, şonuň bilen baglanyşykly predikat jenaýatlara we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly maliýe aňtawçylyk maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Ermenistan Respublikasynyň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Serž Sargsýan geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistana resmi saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň şu ýylyň dowamyndaky möhüm ähmiýetli waka—biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gaba gelendigini nygtady. Şu günki duşuşygyň hut 24-nji awgustda geçirilýändiginiň hem çuňňur manysy bar. Hut şol gün 1993-nji ýylda Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekildi.

Dostlukly ýurduň baştutany gatnaşyklaryň birnäçe ugurlaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň toplumynyň hem-de kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Ermenistan Respublikasynyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. 
Biz ykdysady hyzmatdaşlygy täzeçil we ýokary tehnologiýaly bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine çenli ösdürmek boýunça bir pikire geldik diýip, Prezident Serž Sargsýan aýtdy we hereket edýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn täjirçilik gatnaşyklary toplumyny öňe ilerletjekdigini, olary köpugurly esasda ösdürmäge, täze netijeli taslamalary durmuşa geçirmäge goldaw berjekdigini nygtady.

Paýtagtlarymyzyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapyna Ermenistanda durmuşa geçirilýän “açyk asman” syýasatynda göz öňünde tutulan birnäçe hyzmatlary hödürlemäge taýýardygy bellenildi.

Dostlukly ýurduň Baştutany hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlaryna, şol sanda energetika ulgamyndaky gatnaşyklara deglip geçilendigini nygtap, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ylalaşylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Oba hojalygy geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi diýip, Prezident Serž Sargsýan aýtdy we türkmen kärdeşlerini Ermenistanda döredilýän erkin ykdysady zolagynyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bilelikdäki tagallalar arkaly biz giň möçberli taslamalary ilerledip bileris. Bu taslamalaryň aňyrsynda bolsa döwrebap önümçilik kuwwatlyklary, täze iş orunlary we umuman, milli ykdysadyýetiň ösüşi bar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy we gepleşikleriň dowamynda taraplaryň bu ugurda işleri işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny nygtady.

Bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Talyplary we mugallymlary alyşmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasat ugruna hem uly üns berildi diýip, Prezident Serž Sargsýan sözüni dowam etdi we Ermenistanyň hem-de Türkmenistanyň halkara giňişliginde üstünlikli gatnaşyk edýändigini, halkara syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlaryň hakykatdan-da ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunlukda, biz köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda ylalaşdyk. Gepleşikleriň dowamynda Ermenistanyň islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary halkara hukugynyň kadalary we ýörelgeleri, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlary esasynda parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça eýeleýän ornuny ýene bir gezek tassyklady.

Sözüniň ahyrynda Ermenistan Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa düýpli we peýdaly pikir alyşmalar üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerini teswirläp, ermeni kärdeşine Ermenistan Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmäge iberen çakylygy hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen gepleşikleriň işjeň we birek-birege ynanyşmak häsiýetine eýe bolandygyny aýratyn belledi. Milli Liderimiz şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygyny aýdyp, geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda halkara giňişliginde hem-de döwletara derejesinde – söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda köp işleriň bitirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ermeni tarapyna ýurdumyzyň döredijilik başlangyçlarynyň ählisini goldaýandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň hemişe bütin dünýäde durnuklylyk, howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini hem-de abraýly halkara düzümleriň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde netijeli çäreleri görýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň daşary işler ministrlikleriniň arasynda mundan beýläk-de geňeşmeleri geçirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, şu saparyň ähli ugurlar boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda uzakmöhletli geljek üçin gatnaşyklara oňat mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine degip geçip, häzirki döwürde taraplaryň ägirt uly kuwwatynyň bardygyny aýtdy. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak biziň halklarymyzyň abadançylygyna hyzmat eder. Döwlet Baştutanymyz söwda, energetika pudaklaryny, dokma senagatyny, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş ulgamlaryny esasy meseleleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berýändigini belläp, geljekde açylýan ähli mümkinçilikleriň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine ulanyljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri barada durup geçip, taryhda biziň gatnaşyklarymyzyň kökleriniň orta asyrlara uzalyp gidýändigini aýtdy. Şu günki duşuşykda bu mesele boýunça köp mysallar getirildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu ugurda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi türkmen we ermeni halklarynyň milli mirasyny aýawly saklamak işine geljekki nesiller üçin nusga bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz bilim, ylym, amaly we düýpli barlaglary geçirmek meselelerine uly ähmiýet berilýändigini nygtap, ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň, talyplary alyşmagyň, şu meseleler boýunça maslahatlary işläp taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň hem içgin ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, häzirki wagtda sporta sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy hökmünde garalýandygyny nygtady. Sport ähli halklary birleşdirýär, sport –bu parahatçylykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýany, wekiliýetiň agzalaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bu oýunlaryň 17-nji sentýabrda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gepleşiklere baha berip, ýokary derejede geçen duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Şu gün gol çekilen resminamalaryň toplumy Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berer.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz netijeli gepleşikler üçin ermeni Liderine we wekiliýetiň ähli agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Prezident Serž Sargsýana döwlet işinde uly üstünlikleri, Ermenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurduň ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyň Başlygy Ara Babloýan bilen duşuşygy boldy.

Binanyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli türkmen myhmanyny parlamentiň ýolbaşçysy garşylaýar we binanyň içine girmäge çagyrýar. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.

Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekläp, türkmen Lideri bilen duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde haýran galdyryjy üstünlige eýe boldy we ýokary halkara abraýyna mynasyp boldy. Jenap Ara Babloýan Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadygyny belläp, şu gün Ýerewanda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň özara bähbitli türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şu ýyl iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň esasy düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ermenistanyň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlary doly goldaýandygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda jenap Ara Babloýan hormatly Prezidentimizi Ermenistan Respublikasynyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasy bolup durýan hem-de bäş ýyl möhlet bilen saýlanylýan 131 deputatdan ybarat bolan Milli Ýygnagynyň düzümi hem-de onuň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Milli Liderimiz mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şanly günde geçirilýän şu duşuşygyň çuňňur mana eýedigini belledi: 1993-nji ýylyň 24-nji awgustynda Ermenistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz döwlet we jemgyýetçilik institutlaryny kämilleşdirmek ýoly bilen öňe barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu işde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny yzygiderli demokratiýalaşdyrmaga, häzirki zaman hukuk döwletiniň esaslaryny kemala getirmäge aýratyn ornuň berilýändigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, milli parlamentiň gaýragoýulmasyz wezipesi täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri hem-de giň möçberli maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda bu ugurda köp işleriň amala aşyrylandygyny nygtap, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegini aýdyň mysal hökmünde görkezdi. Onda täze taryhy şertler hem-de geljek üçin wezipeler we köppartiýalylyk ulgamynyň ösüşi göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara tejribesiniň öwrenilmeginiň bu babatda möhüm şert bolup durýandygyny belläp, iki ýurduň parlamentleriniň deputatlarynyň arasynda kanunçykaryjylk işiniň tejribesini alyşmagy işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we bu işe hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Ermenistanyň Milli Ýygnagynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, iki döwletiň we halklaryň dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistanyň Parlamentiniň başlygy mähirli hoşlaşdylar we iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşygy boldy.

Ermenistanyň Hökümetiniň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň üstünlige eýe bolmagy bilen gutlady. Şol gepleşikler Türkmenistan bilen Ermenistanyň taryhyna täze sahypalary ýazar. Şunda dostlukly döwletiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygy beýan edildi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Onuň netijeleri biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri häzirki taryhy döwürde iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu babatda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

Taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň möhüm ornuny bellediler. Bu topar hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamakda täsirli gural hökmünde çykyş edýär. Premýer-ministr Karen Karapetýan Ermenistanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdy. Bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Hoşlaşanlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Karen Karapetýan iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Agşam döwlet Baştutanymyz Ermenistanyň Prezidentiniň kabulhanasyna tarap ugrady. Şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Resmi agşamlyk nahary tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri Ýerewan şäheriniň halkara howa menziline ugradylar. Şol ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ýene-de duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirip, mähirli hoşlaşdylar. Soňra döwlet Baştutanymyz Watanymyza ugrady.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň