Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Ataýewiň topary Indoneziýanyň çempionatynda ýene ýeňiş gazandy

10:0724.08.2017
0
916

Indoneziýanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň 21-nji tapgyrynda «Arema» topary myhmançylykda «Barito Puterany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Mälim bolşy ýaly, «Arema» ýakynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Ahmet Ataýewi düzümine goşdy.

Türkmenistanly ýarymgoragçynyň esasy düzümde çykyş eden we duşuşygyň ahyryna çenli meýdanda bolan duşuşygynda hasaby ilki bilen ýer eýeleri açdy. Ýöne «Aremanyň» futbolçylary 55-nji we 68-nji minutlardaky gollary bilen duşuşygyň netijesini öz peýdasyna üýtgetmegiň hötdesinden geldiler.

21-nji tapgyrdan soňra, «Arema» ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagyna barýar. Topar nobatdaky duşuşygyny 30-njy awgustda ýaryş tertibiniň lideri «PSM Makassar» bilen geçirer. Ildeşimize Indoneziýanyň çempionatynda entek tapawutlanmak başardanok. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň