Türkmen futzalçylary Ispaniýanyň superkubogyna mynasyp bolan topary utdular

09:5824.08.2017
0
1068

Şu günler Ispaniýada okuw-türgenlerşigini geçýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Santýago şäheriniň adybir futzal topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Iki gezek Ispaniýanyň kubogyny we bir gezek Superkubogyny gazanan topar bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy türkmen futzalçylarynyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Milli ýygyndymyzdan Öwezbaý Muhammetmyradow (iki gezek) we Abdy Bäşimow tapawutlandy.

Futzal boýunça milli ýygyndymyzyň Ispaniýadaky okuw-türgenleşigi aýyň ahyryna tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň