TÝL — 2017: 22-nji tapgyryň hasaplamalary

09:5424.08.2017
0
1198

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

 

Her kim öz ornunda: Tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri ýaryş tertibinde orunlary üýtgetmedi. Ýedinji orundaky «Merwiň» altynjy orundaky «Aşgabat» bilen utuklarynyň sanyny deňändigine garamazdan, «paýtagtlylaryň» bir oýnunyň azdygy üçin her kim öňki ornunda galýar.

Sanawa täze 3 wekil: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 81-e çykdy.

14 gol: Tapgyrda derwezelere 14 gol geçirildi, bu bolsa gerk duşuşyga ortaça 3,5 goldan düşýär. Mundan öň diňe 16-njy tapgyr 14 gol bilen tamamlanypdy.

81 futbolçy, 230 gol: Her tapgyra ortaça 10,45 (+0,17), her futbolça 2,83 (+0,07) goldan düşýär.

 

«Şagadam» — «Aşgabat» — 3:0.

Gollar:

1:0, Süleýman Muhadow 45’

2:0, Myrat Hamraýew 63’

3:0, Amir Gurbany 88’ (11 m.j.u.)

 

Muhadow täze toparyna-da gol bilen başlaýar: Iki ýarym möwsümden soň toparyny täzelän geçen ýylky bombardir Süleýman Muhadow «Şagadamyň» düzüminde ilkinji pökgüsini geçirdi. «Altyn asyrda» bu ýyl ätiýaçlykdan halas bolup bilmedik 24 ýaşly hüjümçi eýýäm ilkinji duşuşyklardan, Aleksandr Klimenko bilen Rahym Gurbanmämmedowyň esasy bil baglaýan hüjümçileriniň birine öwrüldi.

Gurbany ýene ikinji orunda: Möwsümdäki 13-nji goluny geçiren Amir Gurbany bombardirlik ýaryşynda ýene-de ikinji orna geçdi. Ýatladýarys, birinji orundaky Myrat Ýagşyýewiň 15 goly bar.

22-nji tapgyrda 22-nji gol: Elbetde, möwsümde däl. Ýöne tejribeli goragçy Myrat Hamraýew 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada 22-nji goluny geçirdi. Tapgyr bilen deň gelensoň, paýlaşman bilmedik.

«Şagadam» üç onlugy doldurdy: Şu duşuşykdan soň, «Şagadam» möwsümde 30 gol geçiren üçünji topar boldy.

Gurbana çäre ýok: Amir Gurbany şu ýylky «Şagadam» — «Aşgabat» duşuşyklarynda dört gol geçirdi.

 

«Turan» — «Merw» — 0:2.

Gollar:

0:1, Perman Hallyýew 9’

0:2, Guwanç Ýagmyrow 53’.

 

Iki goluň üçünjileri: Häzir düşünersiňiz. Şu duşuşykda tapawutlanan futbolçylaryň ikisem möwsümdäki üçünji goluny geçirdiler.

Dilleşdilermi?: Diňe bu däl, Perman Hallyýew bilen Guwanç Ýagmyrow şu duşuşykda 2012-nji ýyldan bäri 5-nji goluny geçirdiler.

 

«Energetik» — «Balkan» — 4:1.

Gollar:

1:0, Pirmyrat Gazakow 3’

2:0, Pirmyrat Gazakow 29’

3:0, Alibek Abdyrahmanow 61’

3:1, Aşyrgeldi Ylýasow 77’

4:1, Alibek Abdyrahmanow 79’.

 

Bu günleri görmek hem bar eken: Üçünji aýlawa girişip, utulyşdan gözi açylmadyk «Energetik» ahyr soňy janköýerlerini begendirdi. Ýöne soňky möwsümleriň aglabasynda bolşy ýaly, tejribeli tälimçi Aly Gurbany ýene-de işsiz galdy.

Gazakow ilkinji onlukda: Üçünji aýlawdan «Energetikde» oýnap başlan Pirmyrat Gazakow tapgyrdaky dubly bilen gollarynyň sanyny 8-e çykardy we möwsümiň bombardirleriniň öňdäki 10-lugyna goşuldy.

 

«Altyn asyr» — «Ahal» — 3:1.

Gollar:

0:1, Güýçmyrat Annagulyýew 14’

1:1, Altymyrat Annadurdyýew 18’

2:1, Zafar Babajanow 79’

3:1, Gurbangeldi Batyrow 85’.

 

«Altyn asyr» ýene çempionmy?: Üçünji aýlawda «Şagadam» bilen bolan duşuşykda utuk ýitiren, bu gezek ýeňlen «Ahal» indi çempionlygyň ýeke-täk dalaşgäri däl. «Altyn asyr» bilen aralykda bary-ýogy 2 utuk galdy. Üstesine, «aragatnaşykçylaryň» bir oýny hem az.

«Altyn asyram» 40-dan geçdi: 19 duşuşykda 42 utuk toplan «aragatnaşykçylar» möwsümde 40 utuga ýeten ikinji topar boldy.

«Altyn asyr» ýene bir 40-lykçy: Şu tapgyrdan soň, «Altyn asyryň» möwsümde geçiren gollary 40-a çykdy.

Diňe duşuşykda däl: Güçmyrat Annagulyýewiň goly diňe duşuşykdaky däl, futbolçynyň özüniň hem möwsümdäki ilkinji goludyr.

Goragçy gol bilenem tanyşdy: «Altyn asyryň» merkezi goragçysy Zafar Babajanow möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Duşuşygy jemledi, gollaryna badalga berdi: Gurbangeldi Batyrow hem şu duşuşykda möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

«Altyn asyr» öz meýdanynda iň gowusy: Şu tapgyrdan soň öz meýdanyndaky gollarynyň sanyny 23-e çykaran «Altyn asyr» bu görkeziji boýunça birinji orna çykdy.

Bir toparda, bir ligada 20 gol: «Altyn asyryň» düzüminde geçen möwsümiň başyndan bäri çykyş edýän Altymyrat Annadurdyýew topar bilen Ýokary ligada 20-nji goluny geçirdi.

 

«Köpetdag» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň